HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda frankofoniýa bäsleşiginiň netijeleri jemlendi

Aprel 02, 2023 | 16:13 |8879
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üç kategoriýada – aýdymyň ýerine ýetirilişi, düzme ýazmak we fransuz diliniň orfografiýasyna geçirilen synagly frankofoniýa bäsleşiginiň netijelerini jemledi.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üç kategoriýada – aýdymyň ýerine ýetirilişi, düzme ýazmak we fransuz diliniň orfografiýasyna geçirilen synagly frankofoniýa bäsleşiginiň netijelerini jemledi.
Çeşme: автора

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde üç kategoriýada – aýdymyň ýerine ýetirilişi, düzme ýazmak we fransuz diliniň orfografiýasyna geçirilen synagly frankofoniýa bäsleşiginiň netijelerini jemledi.

20230401_155607.jpg

Eger aýdym bäsleşiginde eminler dogry aýdylyşyna, çeperçiligine we «sazyna» baha beren bolsalar, teklip edilen üç mowzukdan birini saýlap boljak iň oňat düzme ýazmak bäsleşiginde düşünjeli, manyly mowzuk ýazmak ukybyna baha berildi. Birinji mowzuga görä, gatnaşyjylar geljekde howanyň üýtgemegini beýan etmeli boldular. Ikinji mowzukda, XIX asyrdan adamyň gündelik durmuşyny beýan etmelidi. Üçünji mowzukda, köpçüligiň öňünde çykyş etmek üçin doklad ýazmak teklip edildi.

20230401_155155.jpg

Wokal bäsleşiginde ýaş «frankofonlar» wagtyň we howanyň mowzugy bilen baglanyşykly aýdymlary ýerine ýetirdi. Fransuz dilinde iki düşünjäniň hem birmeňzeş ýazylyşy bar. Kristina Krasnokutskaýa bu ýerde aýratyn tapawutlandy. Ol aýdymy, çykyşy üçin ýörite döredilen klip bilen bilelikde gaty täsirli ýerine ýetirdi.

20230401_154548.jpg

Düzme bäsleşiginde Wiktoriýa Aleksina we Mähri Mämmedowa tapawutlandy. Olaryň düzmeleri uniwersitetiň zalynda ýygnanan myhmanlara okaldy. Orfografiýa bilimine bäsleşikde D.Azade adyndaky Dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky TDU-niň talyplary ýaryşdylar. Iki uniwersitetiň wekilleri özlerini işjeň, maksada okgunly, akylly we köp okaýan talyplar hökmünde görkezdiler.

20230401_153456.jpg

Frankofoniýa güni fransuz dilini öwrenýän köp sanly ýaşlary we ýaşulylary, dürli ilçihanalaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we fransuz mekdebiniň işgärlerini bir ýere jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026