HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OPEK + ýurtlary ýylyň ahyryna çenli nebit gazyp almagy azaldar

Aprel 02, 2023 | 22:07 |8463
Ýedi ýurt, şol sanda Russiýa we Gazagystan ýylyň ahyryna çenli nebiti gazyp alyşy meýletin azaltmak barada karar kabul etdiler. Bu barada Peuters habar berýär.Ýedi ýurt, şol sanda Russiýa we Gazagystan ýylyň ahyryna çenli nebiti gazyp alyşy meýletin azaltmak barada karar kabul etdiler. Bu barada Peuters habar berýär.
Çeşme: orient.tm

Ýedi ýurt, şol sanda Russiýa we Gazagystan ýylyň ahyryna çenli nebiti gazyp alyşy meýletin azaltmak barada karar kabul etdiler. Bu barada Peuters habar berýär.

«Jogapkärçilikli we öňüni alyş çäresi hökmünde Russiýa garaşsyz çeşmelere laýyklykda kesgitlenen fewraldaky nebit önümçiliginiň ortaça derejesinden 2023-nji ýylyň ahyryna çenli her gün 500 müň barreli meýletin azaldar» - diýlen wise-premýer Aleksandr Nowakyň beýany Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň portalynda çap edildi.

Saud Arabystany hem gazyp alyşy 500 müň barrele çenli azaldar. «Energetika ministrliginiň wekili, Saud Arabystany Patyşalygynyň OPEK-iň käbir beýleki ýurtlary we OPEK-e girmeýän, hyzmatdaşlygyň jarnamasyna gatnaşýan ýurtlar bilen utgaşyp, maý aýyndan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli gazyp alyşy her gün 500 müň barrele çenli meýletin azaltjakdygyny aýtdy», - diýip, Patyşalygynyň SPA döwlet agentligi habar berdi.

Saud Arabystanynyň Energetika ministrliginde bularyň hemmesiniň diňe meýletindigi we geçen ýylyň oktýabr aýynda tassyklanan kwotalara goşmaça hökmünde bellendi.

Gazagystan önümçiligini günde 78 müň barrele çenli azaldar. Bu barada Respublikanyň Energetika ministrliginiň metbugat gullugy aýtdy.

«Gazagystan, OPEK + -e beýleki gatnaşyjy-ýurtlary bilen bilelikde maý aýyndan 2023-nji ýylyň ahyryna çenli günde 78 müň barrel gazyp alyşy meýletin azaldar», — diýip RIA agentligi habar berýär.

Azaltmagyň 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda geçirilen 33-nji OPEK + ministrler mejlisinde kabul edilen önümçiligiň azaldylmagyna goşmaça ätiýaçlyk çäresi bolandygy aýdyňlaşdyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026