HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rahmaninowy halaýarsyňyzmy? Apreliň bir agşamy we tükeniksiz bahar

Aprel 02, 2023 | 20:08 |15015
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Sergeý Wasiliýewiç Rahmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi. Şenbe güni, 1-nji aprelde aýratyn ýyly martyň ornuny tutan salkyn ýagyşly howanyň bardygyna garamazdan, «Rahmaninowyň bahary» atly saz çykyşy tomaşaçylary beýik rus kompozitorynyň, pianinoçynyň we dirižýoryň zehiniň şöhleleri bilen «ýakdy» we artistleriň ýerine ýetiriş sungatyndan ajaýyp täsir galdyrdy.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Sergeý Wasiliýewiç Rahmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi. Şenbe güni, 1-nji aprelde aýratyn ýyly martyň ornuny tutan salkyn ýagyşly howanyň bardygyna garamazdan, «Rahmaninowyň bahary» atly saz çykyşy tomaşaçylary beýik rus kompozitorynyň, pianinoçynyň we dirižýoryň zehiniň şöhleleri bilen «ýakdy» we artistleriň ýerine ýetiriş sungatyndan ajaýyp täsir galdyrdy.
Çeşme: автора

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Sergeý Wasiliýewiç Rahmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi. Şenbe güni, 1-nji aprelde aýratyn ýyly martyň ornuny tutan salkyn ýagyşly howanyň bardygyna garamazdan, «Rahmaninowyň bahary» atly saz çykyşy tomaşaçylary beýik rus kompozitorynyň, pianinoçynyň we dirižýoryň zehiniň şöhleleri bilen «ýakdy» we artistleriň ýerine ýetiriş sungatyndan ajaýyp täsir galdyrdy.

2da1beed-c1c3-4668-96b7-45450055e286.jpg

Ýygnan köpçülik dürli-dürlidi. Raçmaninowa köplenç iň «rus» kompozitorlarynyň biri diýilýär, ýöne ony diňe bir ruslar däl, eýsem, bütin dünýäde millionlarça adam, şol sanda Türkmenistanda-da söýýärler. Onuň, birinji apreliň konsertiniň köp sanly diňleýjilerinde täsin galma göz ýaşlaryny döreden birkemsiz ajaýyp we çäkli emosional mukamlary üçin söýýarler.

7f6e7826-d685-488d-a395-6708b8b130f6.jpg

Sazandalaryň her biri, belli eserleriň ýerine ýetirilmegine öz kalbyny berdi. Olar, fortepiano üçin №2 konsertiň birinji böleginiň äheňi bilen zaly özüne çeken halk artisti Orazgül Annamyradowa, köpçüligi birnäçe eserleriň inçe lirika howasyna çümdüren, halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowa, çekiji sesleriň öwüşgünini üýtgeşik wirtuozly beýan eden halk artisti Wladimir Mkrtumow.

Screenshot_20230402_154308_Gallery.jpg

Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde jandan syzdyrylan duýgyly «Siren» we «Jogap berdiler», Bibijemal Amanowa çykyş etmeginde «Balam! Sen gül ýaly owadan»,«Bu ýerde gowy» romaslary bilen ýatda galdylar.

Screenshot_20230402_154407_Gallery.jpg

Halk artisti Gülnara Nuryýewa «Bahar suwlary», «Aý, meniň üçin gamlanma» kompozisiýalary bilen çykyş etdi. Amangeldi Amanow «Hemme zady menden aldyň», «Aý ýok, dileg edýärin, gitme» eserlerini manyly ýerine ýetirdi. Şol solist we halk artisti Gülnara Nuryýewa «Aleko» operasyndan duetde gussaly söýgi taryhyny paýlaşdylar.

в конце 1.JPEG

– 1-nji aprelde diňe bir Russiýada däl, eýsem bütin dünýäde köp adam beýik kompozitor Rahmaninowyň ýubileý senesini aýratyn mähir we şatlyk bilen belleýär, - diýip Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň birinji sekretary, «Rossotrudniçestwo»-nyň wekili Ýuliýa Zaýtsewa ORIENT bilen söhbetdeşlikde aýtdy. – Biz, Türkmenistanda klassigiň mirasynyň goralmagyna we ýaýradylmagyna şeýle üns berýändigine begenýäris. Hemmesinden hem beter meni artistleriň döredijilikli yhlasy geň galdyrdy, - diýip Zaýtsewa belledi.

в конце 2.JPEG

Ýeri gelende aýtsak, bu konserte gelip bilmedikler, kompozitoryň eserleri bilen «Rahmaninowyň bahary» konsertlerinde has ýakyndan tanyşyp bilerler. 7-nji aprelde ol pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň filarmoniýanyň medeni merkeziniň zalynda çykyş etjek konserti bilen dowam etdiriler. 19-njy aprelde Konserwatoriýanyň kiçi zalynda Rahmaninowyň wokal sazynyň ýene bir konserti bolar.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026