HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda hepdäniň medeni wakalary: konsertler we Pasha ýarmarkasy

Aprel 03, 2023 | 00:20 |10580
ORIENT şu hepde, 3-nji aprelden 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek medeni çäreleiň tertibi bilen tanyşdyrýar.ORIENT şu hepde, 3-nji aprelden 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek medeni çäreleiň tertibi bilen tanyşdyrýar.
Çeşme: orient.tm

ORIENT şu hepde, 3-nji aprelden 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek medeni çäreleiň tertibi bilen tanyşdyrýar.

Sergeý Rahmaninowyň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsertler

Konsert maksatnamasynda Türkmenistanyň At gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň, şeýle hem Gülnar Nuryýewa, Bibijemal Amanowa, Leýli Ökdirowa, Stella Faramazowa, Bahar Durdyýewa ýaly tanymal sungat ussatlarynyň çykyşlary meýilleşdirilen.

Senesi: 07.04.2023

Wagty: 19:00

Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” seýilgähiniň medeni merkeziniň konsert zaly (1-nji seýilgäh)

Petekleri öňünden sargyt etmek üçin tel: 22-38-98, 863467177, 514157, 861338829, 864037456

Senesi:19.04.2023

Wagty:18:00

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin ad.) köçe, 22-nji bina, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zaly

Giriş: mugt

Pasha ýarmarkasy

8-nji aprelde Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Pasha ýarmarkasy geçiriler. Myhmanlara Pasha däp-dessurlary, çagalar üçin gyzykly oýunlar we amaly-haşam sungatynyň ussatlary tarapyndan döredilen el işleri garaşýar.

Senesi: 08.04.2023

Wagty: 12:00-16:00

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, “Delfin” seýilgähi, “Berk” kafesi

Giriş: mugt

«Gizlin duýguly owazlar agşamy» konserti

Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky kamera aýdym-saz ansambly «Gizlin duýguly owazlar agşamy» konsertine çagyrýar. Konsertde Wýotanyň, Rahmaninowyň, Morrikoneniň, Eýnaudiniň we Nepesowyň eserleri ýaňlanar.

Solistler:

Leýli Ökdirowa (soprano)

Begenç Moşşyýew (tenor)

Senesi: 08.04.2023

Wagty: 19:00

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 46, «Watan» kinokonsert merkezi

Petekleri bronlamak üçin tel: 861727863, 863206040

«Dünýäniň simfoniki nusgawy saz sungatynyň naýbaşylary»

Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri «Dünýäniň simfoniki nusgawy saz sungatynyň naýbaşylary» atly konsertine çagyrýar.

Senesi: 09.04.2023

Wagty: 19:00

Geçirilýän ýeri: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 12, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi

Petekleri bronlamak we sargyt etmek üçin tel: 223898, +99363467177, 514157, +99364037456

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026