HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy öz işini giňeldýär

Aprel 02, 2023 | 23:48 |15498
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini mundan beýläk-de giňelder. Hususan-da, bu gaznanyň işini halkara derejesine çykarmak hem-de derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglydyr.Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini mundan beýläk-de giňelder. Hususan-da, bu gaznanyň işini halkara derejesine çykarmak hem-de derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglydyr.
Çeşme: tdh.gov.tm

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini mundan beýläk-de giňelder. Hususan-da, bu gaznanyň işini halkara derejesine çykarmak hem-de derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglydyr.

Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji aprel, şenbe güni Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary wagtynda aýtdy.

Bu ýerde milletiň lideri degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy haýyr-sahawat gaznasyndan Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylandygyny, şular ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Şeýle-de Hormatly Arkadagymyz gaznanyň hojalyk-dolandyryş işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyna we şunda lukmanlaryň tejribesiniň ulanylmagynyň, onuň işine häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna üns çekdi we haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde wagyz etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi.

Milletiň lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işiniň gazna bilen utgaşykly ýola goýulýandygyny bellemek bilen, bu ugurda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, gaznanyň düzümine onuň ýolbaşçysy, orunbasary, iş dolandyryjysy, media-habarlar wekili, gaznanyň hasapçysy we hukukçysy girer. Olar işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda alyp bararlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026