HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda Hazar deňzinde işlemek üçin gury ýük konteýner gämisi gurlar

Aprel 01, 2023 | 19:58 |9006
Maý aýynda Russiýanyň Astrahan oblastyndaky gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda Hazar deňzi üçin gury ýük konteýner gämileriniň esasy gämisiniň gurluşygyna başlanar. Gämi gurluşyk we abatlaýyş boýunça  Günorta merkeziniň “Lotos” önümçilik meýdançasynda gämi gurluşygy üçin zerur bolan metal kesmek işine girişildi – diýip, Günorta merkeziň metbugat merkezine salgylanýan TASS habar berýär.Maý aýynda Russiýanyň Astrahan oblastyndaky gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda Hazar deňzi üçin gury ýük konteýner gämileriniň esasy gämisiniň gurluşygyna başlanar. Gämi gurluşyk we abatlaýyş boýunça  Günorta merkeziniň “Lotos” önümçilik meýdançasynda gämi gurluşygy üçin zerur bolan metal kesmek işine girişildi – diýip, Günorta merkeziň metbugat merkezine salgylanýan TASS habar berýär.
Çeşme: Birlişen gämi gurluşyk korporasiýasy

Maý aýynda Russiýanyň Astrahan oblastyndaky gämi gurluşyk we abatlaýyş kärhanasynda Hazar deňzi üçin gury ýük konteýner gämileriniň esasy gämisiniň gurluşygyna başlanar. Gämi gurluşyk we abatlaýyş boýunça Günorta merkeziniň “Lotos” önümçilik meýdançasynda gämi gurluşygy üçin zerur bolan metal kesmek işine girişildi – diýip, Günorta merkeziň metbugat merkezine salgylanýan TASS habar berýär.

"Lotos" gämi abatlaýyş kärhanasy Astrahan aýratyn ykdysady zolagynyň esasy önümçilik desgasy bolup, dürli görnüşli gämileriň gämi gurluşygy bilen meşgullanýar. Günorta merkez bilen döwlet ulag lizing kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, bu ýerde dört sany gury ýük gämisi gurlar. Gämiler suwa 2025-nji ýylda goýberiler.

Gäminiň taslamasy “Wympel” konstruktorlyk býurosy tarapyndan işlenip düzüldi we “derýa-deňiz” görnüşindäki ilkinji rus uniwersal gury ýük konteýner gämisidir. Ol halkara ölçeglerinde kesgitlenen sana laýyklykda, 531 konteýneri daşap biler.

Gury ýük gämileri sowadyjy konteýnerler üçin hem niýetlenendir, şeýle-de gämide gury ýüküň dürli görnüşleri – däne, agaç we agaç önümleri we ş.m. daşalar.

Raýat suw ulag gämilerini ýeňillikli şertlerde kärendesine almak maksatnamasynyň çäginde Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi 2027-nji ýyla çenli Hazar deňzinde işlemek üçin 20-den gowrak konteýner gämisini gurmagy meýilleşdirýär - diýip, Günorta merkeziň metbugat merkezi habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026