HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky komissiýanyň mejlisine gatnaşdy

Mart 29, 2023 | 17:49 |5048
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler baradaky Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler baradaky Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky ykdysady meseleler baradaky Komissiýanyň mejlisine gatnaşdy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda GDA agza-ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Gatnaşyjylar Arkalaşyga agza-ýurtlaryň ýangyç-energetika pudaklarynyň sanly özgertmeKonsepsiýasynyň taslamalaryny we ony ýerine ýetirmekde ilkinji nobatda edilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu resminamalar nebit-gaz toplumynyň, kömür senagatynyň, elektroenergetikanyň, atom energiýasynyň sanly özgertmeleri babatynda döwletler arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmeklige gönükdirilendir. Olar şeýle hem maglumatlar gurluşynyň döredilmegine ýardam eder, ol ýerde GDA agza-döwletleriň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin ygtyýarlyklarlar emele gelýär.

Gatnaşyjylar şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, kitaphana işi, Arkalaşygyň agza-döwletleriniň gümrük gulluklarynyň özara gatnaşyklary babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ähli meseleler GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 98-nji mejlisiniň gün tertibine girizildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026