«Pişigiň öýi» mýuzikliň ilkinji görkezilşi aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «ArtIst» teatrynda geçer


Şadyýan, özüne çekiji we çagalykdan bäri hemmelere tanyş «Pişigiň öýi» ertekisi paýtagtyň «ArtIst» teatryndaky çagalar teatrynyň studiýasynyň repertuaryna ýene-de «gaýdyp geler». Gurnagyň okuwçylary 2-nji aprelde Samuil Marşagyň meşhur pýesasy esasynda döredilen mýuzikliň premýerasyny görkezerler. Spektaklyň täze görnüşi ajaýyp saz teatrynyň dünýäsine «çümüş» ýaly bolar we ýaş tomaşaçylary hem-de ululary biperwaý galdyrmaz.

Birnäçe ýyl ozal «ArtIst» teatrynyň sahnasynda Pişikleriň täze öýi baradaky hekaýasyny sahnalaşdyrypdylar. Häzirki sahnanyň merkezinde bolsa aýdym aýtmak we tans etmek islegi bilen saz taslamasynyň kastingine gelen çagalaryň häzirki zaman hekaýasy bar. Olar nädip Pişigiň öýüne düşer, öý ýanarmy ýa-da ýok, bu ýerde saz nämä gerek, garaz wakalaryň nähili ugur aljakdygy barada çagalar studiýasynyň artistleri gürrüň bererler.

Miniatýura operasynda dürli ýaşdaky we dürli aktýorlyk tälimleri bolan oglan we gyzlar çykyş edýärler. Olaryň arasynda eýýäm başga spektakllarda çykyş edenler hem, ilkinji gezek sahna çykyp ilkinji çykyş edýänler hem bar.

— Emma olaryň hemmesi özlerini artist ýaly duýýarlar. Sebäbi teatr wirusy olara göni manyda studiýamyzda bolan birinji gününden «ýokaşýar». Olaryň sahna çykmak we çykyş etmek üçin uly islegleri bar. Olaryň käbiri gowy aýdym aýdýar we tans edýär, käbirleri bolsa onçakly ökde däl, ýöne umumy surat bu ýagdaýdan erbetleşmeýär, gaýtam tersine, olar şeýle bir rollaryna girişip, tomaşaçylary karizmasy we enerhetikasy bilen güýç berýärler, - diýip «ArtIst» teatryň ýolbaşçysy we režissýory Igor Annaklyçew Orient-e gürrüň berdi.

Häzirki wagtda takmynan 70 çaga «ArtIst» çagalar teatr gurnagynda aktýorlygy öwrenýär. Olaryň ýaşy 5-16 ýaş aralygynda üýtgeýär. Şeýle hem sahnada beýlekiler bilen bilelikde çykyş edýän inklýuziw topar hem bar. Olar «Kiçijik şazada» spektaklynda üstünlikli çykyş edenlerinden soň studiýada galdylar we häzirki wagtda teatr sungatyny ussatlyk bilen özleşdirýärler.

«ArtIst» teatrynyň çaga sahnalary - «Tom Soýer», «Snežnaýa korolewa», «Dýuýmowoçka» eýýäm hakyky klassika öwrüldi. Ýaş artistler sahnadaky çykyşlaryny üstünlikli «ýöredýärler» we repertuary häzirki zaman çykyşlary bilen doldurýarlar.
«Pişigiň öýi» spektaklynyň ilkinji görkezilşi 2-nji aprelde «ArtIst» teatrynda sagat 12:00-da bolar.
Gulýa Geldiýewa








