HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

USAID Türkmenistanda eksportçylar bilengeňeşçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldap, çykyş edýär

Mart 29, 2023 | 15:54 |13801
ABŞ-nyň USAID Halkara ösüş agentligi türkmen önüm öndürijileriniň Trade Promotion Service Providers başlangyjy arkaly halkara bazarlaryna çykmagyna ýardam edýär, ol hususy pudak üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň bir bölegini öz üstüne alýar.ABŞ-nyň USAID Halkara ösüş agentligi türkmen önüm öndürijileriniň Trade Promotion Service Providers başlangyjy arkaly halkara bazarlaryna çykmagyna ýardam edýär, ol hususy pudak üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň bir bölegini öz üstüne alýar.
Çeşme: USAID tarapyndan berildi

ABŞ-nyň USAID Halkara ösüş agentligi türkmen önüm öndürijileriniň Trade Promotion Service Providers başlangyjy arkaly halkara bazarlaryna çykmagyna ýardam edýär, ol hususy pudak üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň bir bölegini öz üstüne alýar.

Şeýlelikde, şöhlat önümlerini öndürmäge ýöriteleşýän Ak Toprak kompaniýasy gaplamalaryň dizaýnyny döretmek we öz önümlerini daşarky bazarda öňe sürmek üçin marketing konsepsiýasyny işläp düzmek üçin çykdajylaryň 50%-ni tygşytlamaga mümkinçilik aldy. Bu işde olara Unite dizaýn-kompaniýasy kömek etdi.

Başlangyç mümkinçilikleriň giň görnüşini, şol sanda eksport edijiler üçin maslahat beriş hyzmatlarynyň 70%-niň tölenmegini öz içine alýar. TPSP her ýylda 3 hyzmata çenli töleýär, olaryň hersiniň bahasy azyndan $5 müň amerikan dollarydyr. Şunda başlangyç diňe eksporta gönükdirilen önüm öndürijilere degişlidir.

Şeýlelik bilen, maksatnama öz ýurdumyzyň önüm öndürýän dürli kompaniýalaryna gerekli hyzmatlary bermäge taýýar bolan maslahatçylaryny tapmaga mümkinçilik berýär. Ol oýlanyp düzülen strategiýa arkaly mümkin bolan oýlanyşykly eksporty höweslendirýär. Netijede, gyzyklanýan konsalting kompaniýalary sargyt alýarlar, eksport edijiler bolsa daşary ýurt bazarlaryna üstünlikli çykmak üçin mümkinçilik alýarlar.

Başlangyç Merkezi Aziýanyň ähli bäş döwletine degişlidir we şol sebäpli Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň kompaniýalary özara bähbitli hyzmatdaşlyk edip bilýärler.

Bu hyzmatdan peýdalanmaga gyzyklanýan taraplar ýörite formany 1.1, olara kömek etmek isleýän konsalting kompaniýalary — bu formany 1.2 doldurmaly. Şeýle hem skanirlenen formany gol çekip we edaranyň möhürini basyp, TCA_TPSP_Program@dai.com elektron poçtasyna ugratmaly, hatyň nusgasynyTPSP.Program.TCA@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly. 10-15 günüň dowamynda TPSP goşulandygy ýa-da ýüz tutmadan ýüz dönderilendigi barada habar geler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy täze tehnologiýalary ornaşdyrýar we halkara dialogyny giňeldýär

00:01 Iýun 23, 2026
«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

«Türkmentelekom» işewürlik üçin «Call-center» hyzmatyny hödürleýär

23:15 Iýun 22, 2026
Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

Puşkin adyndaky teatr Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde premýera hödürlär

22:30 Iýun 22, 2026