HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Putin watandaşlaryň göçüp gelmek maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi

Mart 31, 2023 | 15:29 |22083
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryň meýletin Russiýa göçürilmegine ýardam etmek boýunça 2006-njy ýylda kabul edilen döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi.Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryň meýletin Russiýa göçürilmegine ýardam etmek boýunça 2006-njy ýylda kabul edilen döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi.
Çeşme: ria.ru

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin daşary ýurtda ýaşaýan watandaşlaryň meýletin Russiýa göçürilmegine ýardam etmek boýunça 2006-njy ýylda kabul edilen döwlet maksatnamasyna üýtgetmeler girizdi.

Degişli karar hukuk maglumatynyň resmi onlaýn-portalynda çap edildi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Täze girizilen üýtgetmä görä, maksatnama gatnaşmak üçin Russiýanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan, dil gurşawy şertlerinde dilden we ýazmaça gürleşip biler ýaly derejede rus dilini bilýän watandaşlar ýüz tutup bilýärler.

Düzgün RF-nyň çäklerinde ýaşaýan we döwlet maksatnamasyna gatnaşmaga gyzyklanýan daşary ýurt raýatlary üçin hem wajyplygyny saklaýar.

Rus dilini bilýänligini bilim baradaky birnäçe resminamalar bilen ýa-da RF-nyň IIM tarapyndan döredilýän komissiýanyň karary bilen geçirilýän söhbetdeşlik arkaly tassyklap bolýar. Russiýanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan watandaşlar üçin onlaýn-söhbetdeşlik göz öňünde tutulandyr.

Şu kararda Belarusyň, Gazagystanyň, Moldowanyň we Ukrainanyň raýatlaryndan bolan watandaşlaryň bilim barada degişli resminamany görkezmekden we rus diliniň bilim derejesini tassyklaýan söhetdeşligi geçmekden boşadylýandygy bellenilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026