HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» Baş direktoryny kabul etdi

Mart 27, 2023 | 22:26 |8567
Türkmenistan, biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň esasy ugry bolup çykyş edýän halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, - diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ geňeşiniň başlygy Oleg Belozýorow bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy.Türkmenistan, biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň esasy ugry bolup çykyş edýän halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, - diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ geňeşiniň başlygy Oleg Belozýorow bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy.
Çeşme: Altyn asyr telekanaly

Türkmenistan, biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň esasy ugry bolup çykyş edýän halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär, - diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» APJ geňeşiniň başlygy Oleg Belozýorow bilen geçirilen duşuşygynda aýtdy.

2.jpg

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda logistik geçelgeleriniň netijeli peýdalanylmagy üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, Aşgabat şäherine sapar bilen gelen RŽD wekiliýetine, türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gepleşikler geçirmegini arzuw etdi hem-de duşuşyklaryň netijeleriniň ulag pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Bu ýerde Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljegi uly görünýär.

3.jpg

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, oňyn gatnaşyklar däp bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň möhüm şerti bolup durýar.

RŽD-nyň Baş direktory hem öz gezeginde Russiýanyň ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026