HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Budapeştde Özbegistanyň ilçihanasy açyldy - Wengriýanyň Daşary işler ministri

Mart 27, 2023 | 20:41 |9099
"Şu gün Budapeştde Özbegistanyň ilçihanasynyň açylmagy bilen, indi Wengriýada Türki döwletler guramasynyň ähli agza ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bar" – diýip,  Wengriýanyň Daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Piter Siýýarto ilçihananyň “Facebook”-da ýaýlyma berlen açylyş dabarasynda aýtdy."Şu gün Budapeştde Özbegistanyň ilçihanasynyň açylmagy bilen, indi Wengriýada Türki döwletler guramasynyň ähli agza ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bar" – diýip,  Wengriýanyň Daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Piter Siýýarto ilçihananyň “Facebook”-da ýaýlyma berlen açylyş dabarasynda aýtdy.
Çeşme: taskent.mfa.gov.hu

"Şu gün Budapeştde Özbegistanyň ilçihanasynyň açylmagy bilen, indi Wengriýada Türki döwletler guramasynyň ähli agza ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalary bar" – diýip, Wengriýanyň Daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Piter Siýýarto ilçihananyň “Facebook”-da ýaýlyma berlen açylyş dabarasynda aýtdy.

Siýýartodan başga-da, açylyşa Wengriýanyň Ykdysady ösüş ministri Marton Nad we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Bahtiýor Saidow gatnaşdy. Ol 31 ýyllyk diplomatik gatnaşyklaryň dowamynda Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň Wengriýa baran ilkinji ýolbaşçysy boldy.

Siýýarto Wengriýanyň Daşkendiň golaýynda ýörite senagat zolagyny döredýändigini ýatlatdy, bu ýerde wenger kompaniýalary azyk senagaty, oba hojalygy, ýadro senagaty, derman senagaty, lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi we gurluşyk ýaly ugurlara maýa goýmak üçin ýörite hukuk derejesinden peýdalanarlar. Mundan başga-da, ol ýakynda Wengriýanyň iň iri OTP bankynyň Özbegistanda ululygy boýunça bäşinji orunda durýan maliýe edarasy bolan Ipoteka-banky satyn alandygyny belläp geçdi.

2009-njy ýylda döredilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki Geňeş) 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Stambul sammitinde adyny Türki döwletleriň guramasyna üýtgetmek kararyna geldi. Guramanyň düzümine Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe girýär, Türkmenistan we Wengriýa synçy hökmünde gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026