HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýer titreme hadysasyndan soň Türkiýäniň zoo dükanlarynda totyguş satuwy artdy

Mart 27, 2023 | 20:27 |7228
Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýer titremelerinden soň ýurtda totyguşlara bolan gyzyklanma artdy, öý guşlarynyň ýerasty sarsgynlary öňünden duýýandygy baradaky maglumat esasynda totyguşlaryň satuwy ýokarlandy – diýip, “Yeni Akit” neşiri ýazýar.Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýer titremelerinden soň ýurtda totyguşlara bolan gyzyklanma artdy, öý guşlarynyň ýerasty sarsgynlary öňünden duýýandygy baradaky maglumat esasynda totyguşlaryň satuwy ýokarlandy – diýip, “Yeni Akit” neşiri ýazýar.
Çeşme: superhaber.com

Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýer titremelerinden soň ýurtda totyguşlara bolan gyzyklanma artdy, öý guşlarynyň ýerasty sarsgynlary öňünden duýýandygy baradaky maglumat esasynda totyguşlaryň satuwy ýokarlandy – diýip, “Yeni Akit” neşiri ýazýar.

7,7 we 7,6 bal magnitudaly ýer titremeleri 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaras welaýatynda dokuz sagat tapawut bilen bolup geçdi. Ýer sarsgynlary ýurduň 11 welaýatynda we goňşy döwletlerde, şol sanda Siriýada duýuldy. Neşir: "Kahramanmarasda bolup geçen we 11 welaýata täsir eden ýer titremelerinden soň, ýer yranma hadysasyny öňünden duýýan guşlaryň howsalaly hereketleri edýändiklerine bolan ynam totyguşlara gyzyklanmany artdyrdy" – diýip, ýazýar.

Türkiýäniň Elazyg welaýatyndaky zoo dükanlarda alyjylaryň sanynyň köpelendigi habar berilýär.

Dükanyň eýesi Fatih Gürbüz ýer titremelerinden soň satuwlaryň, takmynan 10 esse artandygyny aýtdy. Gazet onuň "Bilşiňiz ýaly, guşlaryň ýer titremesini öňünden duýýandyklary baradaky gürrüňlerden soň raýatlar uly gyzyklanma bildirýärler" – diýen sözlerini getirýär.

Onuň sözlerine görä, maşgalalar öý guşlaryny ýer titremesi wagtynda çagalaryň başdan geçiren gorkusyny ýeňip geçmek üçin alýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026