Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Pişigiň öýi» mýuzikliň ilkinji görkezilşi aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde «ArtIst» teatrynda geçer

Mart 30, 2023 | 22:17 |10257
Şadyýan, özüne çekiji we çagalykdan bäri hemmelere tanyş «Pişigiň öýi» ertekisi paýtagtyň «ArtIst» teatryndaky çagalar teatrynyň studiýasynyň repertuaryna ýene-de «gaýdyp geler». Gurnagyň okuwçylary 2-nji aprelde Samuil Marşagyň meşhur pýesasy esasynda döredilen mýuzikliň premýerasyny görkezerler. Spektaklyň täze görnüşi ajaýyp saz teatrynyň dünýäsine «çümüş» ýaly bolar we ýaş tomaşaçylary hem-de ululary biperwaý galdyrmaz.Şadyýan, özüne çekiji we çagalykdan bäri hemmelere tanyş «Pişigiň öýi» ertekisi paýtagtyň «ArtIst» teatryndaky çagalar teatrynyň studiýasynyň repertuaryna ýene-de «gaýdyp geler». Gurnagyň okuwçylary 2-nji aprelde Samuil Marşagyň meşhur pýesasy esasynda döredilen mýuzikliň premýerasyny görkezerler. Spektaklyň täze görnüşi ajaýyp saz teatrynyň dünýäsine «çümüş» ýaly bolar we ýaş tomaşaçylary hem-de ululary biperwaý galdyrmaz.
Çeşme: Предоставил театр «АртИст»

Şadyýan, özüne çekiji we çagalykdan bäri hemmelere tanyş «Pişigiň öýi» ertekisi paýtagtyň «ArtIst» teatryndaky çagalar teatrynyň studiýasynyň repertuaryna ýene-de «gaýdyp geler». Gurnagyň okuwçylary 2-nji aprelde Samuil Marşagyň meşhur pýesasy esasynda döredilen mýuzikliň premýerasyny görkezerler. Spektaklyň täze görnüşi ajaýyp saz teatrynyň dünýäsine «çümüş» ýaly bolar we ýaş tomaşaçylary hem-de ululary biperwaý galdyrmaz.

IMG_20230331_004247.jpg

Birnäçe ýyl ozal «ArtIst» teatrynyň sahnasynda Pişikleriň täze öýi baradaky hekaýasyny sahnalaşdyrypdylar. Häzirki sahnanyň merkezinde bolsa aýdym aýtmak we tans etmek islegi bilen saz taslamasynyň kastingine gelen çagalaryň häzirki zaman hekaýasy bar. Olar nädip Pişigiň öýüne düşer, öý ýanarmy ýa-da ýok, bu ýerde saz nämä gerek, garaz wakalaryň nähili ugur aljakdygy barada çagalar studiýasynyň artistleri gürrüň bererler.

IMG_20230331_003807.jpg

Miniatýura operasynda dürli ýaşdaky we dürli aktýorlyk tälimleri bolan oglan we gyzlar çykyş edýärler. Olaryň arasynda eýýäm başga spektakllarda çykyş edenler hem, ilkinji gezek sahna çykyp ilkinji çykyş edýänler hem bar.

IMG_20230331_003828.jpg

— Emma olaryň hemmesi özlerini artist ýaly duýýarlar. Sebäbi teatr wirusy olara göni manyda studiýamyzda bolan birinji gününden «ýokaşýar». Olaryň sahna çykmak we çykyş etmek üçin uly islegleri bar. Olaryň käbiri gowy aýdym aýdýar we tans edýär, käbirleri bolsa onçakly ökde däl, ýöne umumy surat bu ýagdaýdan erbetleşmeýär, gaýtam tersine, olar şeýle bir rollaryna girişip, tomaşaçylary karizmasy we enerhetikasy bilen güýç berýärler, - diýip «ArtIst» teatryň ýolbaşçysy we režissýory Igor Annaklyçew Orient-e gürrüň berdi.

IMG_20230331_004241.jpg

Häzirki wagtda takmynan 70 çaga «ArtIst» çagalar teatr gurnagynda aktýorlygy öwrenýär. Olaryň ýaşy 5-16 ýaş aralygynda üýtgeýär. Şeýle hem sahnada beýlekiler bilen bilelikde çykyş edýän inklýuziw topar hem bar. Olar «Kiçijik şazada» spektaklynda üstünlikli çykyş edenlerinden soň studiýada galdylar we häzirki wagtda teatr sungatyny ussatlyk bilen özleşdirýärler.

IMG_20230331_004440.jpg

«ArtIst» teatrynyň çaga sahnalary - «Tom Soýer», «Snežnaýa korolewa», «Dýuýmowoçka» eýýäm hakyky klassika öwrüldi. Ýaş artistler sahnadaky çykyşlaryny üstünlikli «ýöredýärler» we repertuary häzirki zaman çykyşlary bilen doldurýarlar.

«Pişigiň öýi» spektaklynyň ilkinji görkezilşi 2-nji aprelde «ArtIst» teatrynda sagat 12:00-da bolar.

Gulýa Geldiýewa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026