HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň awiakompaniýasy aprel aýynda Urumçi-Aşgabat-Urumçi gatnawlaryny dikeldýär

Mart 27, 2023 | 16:47 |8486
China Southern Airlines awiakompaniýasy 26-njy aprelden Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça yzygiderli uçuşlary dikeldýär. Awiakompaniýanyň ofisinde «Orient»-e berlen habara görä, Hytaýyň şäheri bilen Türkmen paýtagtynyň arasyndaky uçuşlar häzirlikçe hepdede bir gezek amala aşyrylar. Geljekde bu ugurda uçuşlaryň sany artyp biler, - diýip Hytaýyň howa gatnawlary ofisinde aýtdylar.China Southern Airlines awiakompaniýasy 26-njy aprelden Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça yzygiderli uçuşlary dikeldýär. Awiakompaniýanyň ofisinde «Orient»-e berlen habara görä, Hytaýyň şäheri bilen Türkmen paýtagtynyň arasyndaky uçuşlar häzirlikçe hepdede bir gezek amala aşyrylar. Geljekde bu ugurda uçuşlaryň sany artyp biler, - diýip Hytaýyň howa gatnawlary ofisinde aýtdylar.
Çeşme: Live and Let"s Fly

China Southern Airlines awiakompaniýasy 26-njy aprelden Urumçi-Aşgabat-Urumçi ugry boýunça yzygiderli uçuşlary dikeldýär. Awiakompaniýanyň ofisinde «Orient»-e berlen habara görä, Hytaýyň şäheri bilen Türkmen paýtagtynyň arasyndaky uçuşlar häzirlikçe hepdede bir gezek amala aşyrylar. Geljekde bu ugurda uçuşlaryň sany artyp biler, - diýip Hytaýyň howa gatnawlary ofisinde aýtdylar.

Urumçi-Aşgabat ugry boýunça uçar sişenbe güni 22:20-de uçup, 23:30-da Aşgabat howa menziline gonar. Yzyna Aşgabat-Urumçi ugrundaky uçuşlar çarşenbe güni amala aşyrylar - 01:00-da uçup, 07:35-de Urumçi şäherine geler. Gidiş we geliş wagtlary ýerli sagatda görkezilen.

Aşgabat-Urumçi uçuşyna petegiň bahasy 560.00 ABŞ dollary bolup, iki ugur boýunça - 945.00 ABŞ dollarydyr. 32 kg goşlary mugt geçirip bilersiňiz.

Petekleri Aşgabatda, Magtymguly şaýoly 141/1, Ak-Altyn oteli, ofis 206 salgysynda ýerleşýän awiakompaniýanyň ofisinde alyp bilersiňiz. Iş wagty 10:00-dan 17:00-a çenli, günortanlyk dynç alyş 1 sagat.

Awiakompaniýanyň Aşgabatdaky ofisinde China Southern Airlines-iň HHR-nyň içerki uçuşlaryna petek satyn alyp bilersiňiz.

Maslahat we goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz: +99312 36-44-51

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026