HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we özbek kinematograflary Magtymguly Pyragy hakynda film surata düşürerler

Mart 30, 2023 | 19:17 |15614
Türkmen we özbek kinematograflary bilelikde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan film surata düşürerler.Türkmen we özbek kinematograflary bilelikde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan film surata düşürerler.
Çeşme: orient.tm

Türkmen we özbek kinematograflary bilelikde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan film surata düşürerler.

Ylalaşyk Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ýazguly Mämmedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Kinematografiýa agentliginiň direktorynyň orunbasary Şöhrat Rizaýewiň arasynda 29-njy martda Daşkentde geçirilen duşuşygyň barşynda gazanyldy.

Bilelikdäki döredijilik taslamasy 2024-nji ýylda beýik türkmen pelsepeçi şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanar. Dokumental we çeper filmler şahyryň ýaşlyk ýyllary, Hywada we Buharada okan, ýaşan döwürleri barada söhbet açar. Taslamany durmuşa geçirmegiň jikme-jikliklerini kinematograflar goşmaça ara alyp maslahatlaşarlar.

Özbek tarapy “Türkmenfilm” kinostudiýasyny dünýäniň iň gowy kinematograflarynyň, aktýorlarynyň we režissýorlarynyň gatnaşmagynda her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän Ýüpek ýolunyň merjeni” atly Daşkent halkara kino festiwalyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu ýyl kinoforumyň çäklerinde “Türkmen kinosynyň günleri” geçiriler.

2022-nji ýylda Daşkent kino festiwalyna türkmen kinostudiýasynyň üç çeper film – režissýor Wepa Işangulyýewiň “At-Myrat”, Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” we Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” filmleri bilen gatnaşandygyny ýatlatmak isleýäris. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlenen “Istärin” kino eseri hem Magtymgulynyň durmuşynyň möhüm döwürleri barada gürrüň berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026