HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň halkara bäsleşigine ýüz tutmalary kabul etmek dowam edýär

Mart 30, 2023 | 17:47 |7940
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Merkezi Geňeşi bilen billeikde ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Merkezi Geňeşi bilen billeikde ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Merkezi Geňeşi bilen billeikde ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşige 35 ýaşa çenli bolan adamlar gatnaşyp bilýärler. Olar nanotehnologiýalar, himiki we biotehnologiýalar, energetika, oba hojalygy, molekulýar biologiýa, genetka, täze materiallary öwrenmek babatyndaky işler boýunça öz işläp taýýarlamalaryny tabşyrmaly.

Birinji tapgyryň çäklerinde ylmy-barlag işleriňwajyplygynyň derejesi boýunça serediler we saýlanyp alnar, diňe şonda saýlananlar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga goýberler.

Soňra gatnaşyjylar öz taslamasy bilen tanyşdyrmaly,düzüminde halkara bilermenleri bolan bäsleşigiň eminleriniň öňünde onuň mazmunyny açmaly bolarlar.

Bäsleşigiň iş dilleri: türkmen, iňlis, rus dilleri.

Ýüz tutmalar 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli kabul edilýär. Işleri şu elektron salga scientificwork.tm@gmail.com ibermeli ýa-da Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine – Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 104salgy boýunça tabşyrmaly.

Ýeňijiler üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda belli bolar.

Bäsleşigiň şertleri bilen jikme-jik şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.

Suratyň çeşmesi: https://russian.alibaba.com/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026