Nokia Aýy ýokary tizlikli 4G internet bilen gurşap alar


Bir wagtlar meşhur mobil telefon öndürijisi Nokia aýa 4G tehnologiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Ulgam 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «SpaceX Falcon 9» raketasynda uçmagy meýilleşdirýän «Intuitive Machines IM-2»-yň missiýasy wagtynda ýaýbaňlanar.
Taslamanyň maksady, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne ekipažy gondurmak bilen Artemis-iň geljekki missiýalary üçin zemin taýýarlamak. Nokia, kosmosyň agyr şertlerinde işlemek üçin ýörite döredilen 4G aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin «Lunar Outpost» we «Intuitive Machines» bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Intuitive Machines» tarapyndan döredilen «Nova-C» Aýa gonuş moduly Aýyň günorta böleginde ýerleşýän Şeklton kraterine enjamlary we beýleki peýdaly zatlary eltip berer. Bu «synag-sürüjisi» ekipažly Artemis-iň geljekki missiýalary üçin möhüm bölegi bolup biler. Sebäbi NASA 2025-nji ýylda Aýyň üstünde iki kosmonawt gondurmagy meýilleşdirýär.
Nokia 2020-nji ýylda NASA-dan 14,1 million dollar möçberinde serişde aldy. Kompaniýa gonuş modulynyň ýakyn we uzak aralyk aragatnaşyk mümkinçiliklerini birnäçe ýüz metrden iki-üç kilometre çenli dürli aralyklarda barlamagy meýilleşdirýär. Nokia-nyň inženerleri, bu toruň geljekde Aýda-da, Marsda-da adamyň barlygyny saklamakda möhüm orun tutjakdygyna ynanýarlar.
Astronawtlar Artemis 3 missiýasy wagtynda ses we wideo aragatnaşygyny, telemetriki we biometriki maglumaty, sensorly goşundylary alyş-çalyşy we robot tehnikasyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini güçlendirmek üçin 4G internet ulanyp bilerler. Belki, öýjükli ulgamyň ýokary tizligi, Ýer bilen telefon gepleşiklerindäki gijikdirmeleri azaldar.
ORIENT news








