HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edebiýat bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar

Mart 30, 2023 | 15:17 |10842
31-nji martda şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň arasynda ahalteke bedewleri temasyndan iň gowy eser üçin bäsleşige ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky güni bolar – diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.31-nji martda şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň arasynda ahalteke bedewleri temasyndan iň gowy eser üçin bäsleşige ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky güni bolar – diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

31-nji martda şahyrlaryň, ýazyjylaryň we žurnalistleriň arasynda ahalteke bedewleri temasyndan iň gowy eser üçin bäsleşige ýüz tutmalary tabşyrmagyň soňky güni bolar – diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi habar berýär.

Işlerde türkmen atşynaslygynyň taryhy ajaýyplygy, bu gadymy tohumyň bedewleriniň görmegeýligi, olaryň halkyň sungatyna we döredijiligine edýän täsiri, şeýle hem olaryň şöhradyny saklamak we köpeltmek ugrunda Türkmenistanda amala aşyrylýan çäreler beýan edilmelidir.

«Ganatly bedewler – biziň milli buýsanjymyz» atly bäsleşige Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi tarapyndan badalga berildi.

Berlen temadan hekaýalary, poemalary, goşgulary ýa-da makalalary, şeýle hem özüň hakyndaky maglumaty (F, A, AA, ýaşaýan ýeri, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, öý salgysy, telefon belgisi we surat) şu salgydaky elektron poçta ugratmaly: doredijilikmedeniyet@sanly.tm.

Gatnaşyjylar 1 ýa-da 2 eser ugradyp bilerler, olar 16möçberdäki Times New Roman şrifti bilen ýazylmalydyr we setir aralygy 1,0 bolmalydyr.

Bäsleşigiň ýeňijileri aprel aýynda yglan ediler. Olara gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026