Klassiki saza beslenen bahar: Aşgabatda Döwlet simfoniki orkestriniň konserti bolar


Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konsertlerine petekler elmydama gaty çalt satylýar. Maestro Rasul Klyçew – düzümiň ýolbaşçysy we orkestriň sazandalary bergili galmaýarlar we her gezek ajaýyp çykyşlary «berýärler». Bu gezek olar diňleýjilerini 9-njy aprelde paýtagtyň Mukamlar köşgünde sagat 19:00-da geçiriljek «çynlakaý» saz – «Dünýä simfoniki klassikleriniň ajaýyp eserleri» agşamyna çagyrýarlar.
− Dünýä saz klassikasy – şonsuz düýbünden ýaşap bolmaýan gymmatly zat. Sazandalar şeýle çynlakaý eserlerde hünär taýdan «ösýärler». Bu gezek biz Çaýkowskiniň №6 çylşyrymly simfoniýasyna «degindik» –premýerasy Aşgabatly diňleýjilere hödürläris, - diýip düzümiň ýolbaşçysy we dirižýor Rasul Klyçew Orient-e gürrüň berdi.
№6 simfoniýasyna köplenç Patetiki ady bilen meşhur we Pýotr Iliç Çaýkowskiniň soňky tamamlaýyjy eseri, eger diýip bolsa onuň «guw aýdymydyr». Kompozitoryň özi bu eseri, «dabaraly» diýmegi aňladýan soňra fransuz diline pathétique diýip terjime edilen, «duýguly» manyda, «Hyjuwly simfoniýa» diýip atlandyrdy.

– Türkmen köpçüligi şeýle çylşyrymly simfoniki eserlere eýýäm ýeterlik derejede taýyn, şonuň üçin konsert programmasy paýtagtyň saz söýüjileriniň göwnünden turar diýip umyt edýäris. Mundan başga-da, rus we ispan kompozitorlarynyň nusgawy eserleri ýaňlanar we diňleýjiler Rimskiý-Korsakowyň «Garpamyk» operasyndan Garpamygyň ariýasyny ýerine ýetirjek Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Okdirowanyň çykyşyndan lezzet alarlar.
Ýeri gelende aýtsak, Ispaniýanyň halk döredijiliginiň we medeniýetiniň ylhamy bilen ýazan kompozitoryň wirtual kompozisiýalarynyň ýene biri «Ispan kapriçiosy» ilkinji gezek Aşgabatda döwlet orkestri tarapyndan ýerine ýetiriler.
Birnäçe günden soň Döwlet simfoniki orkestriniň solistleri Ýusup Öwezow, Mähri Orazowa, Didar Ýomudow we Selbi Öwezowa dagylar ýazky konsert programmasyny dowam etdirerler. Sazandalar Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 15-nji aprelde Birinji seýilgähde ýerleşýän paýtagtyň Medeni merkezinde geçiriljek «ýeňil» - kamera sazyna çagyrýarlar.

Üflenip çalýan sazandalaryň - fleýta, goboý, klarnetde, şeýle hem fortepianoda ýerine ýetirilmeginde «flýuid» kompozisiýalary ýaňlanar. Ýerine ýetirijiler aýratyn gurallar üçin solo eserlerini – Debýusi «Aý yşygy», Ýakoba Gade «Tango-fantaziýa», Karl Nilsen «Roman we Ýumareska», Bella Kowaç «Rihard Ştrausa bagyşlama» we beýleki eserleri çalarlar.
Bu Döwlet orkezstriniň solistleriniň eýýäm birinji konserdi däldigi bellärliklidir. Olaryň operalardan dürli mowzuklarda üýtgeşmeler ýaňlanan «Fransuz sazy», «Içgysgynç däl klassika» programmalary, indi sabyrsyzlyk bilen öz söýgüli sazandalarynyň çykyşlaryna garaşýan deňleýjilerine örän «ýarady».
Konsert Aşgabatyň Medeni merkezinde (birinji seýilgäh) 18:00-da başlar.
Gulýa Geldiýewa








