Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy


Seulda türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, wekiliýetiň düzümine Medeniýet ministrliginiň wekilleri, sungat ussatlary, meşhur aýdym-saz toparlary, alymlar, mugallymlar we döredijilik ugrundan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary girdiler.
Açylyş Koreýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda döwlet düzümleriniňwekilleriniň, ylmy toparlaryň, döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçiligiň, ýurtda akkreditirlenen ilçihanalaryň birnäçesiniň, Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Dostluk birleşmeleriniň, şeýle hem Koreýada okaýan türkmen talyplarynyň ýardam etmeginde geçdi.
Döredijilik çäresi amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi bilen açyldy, oňa Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy we häzirki zaman üstünlikleri bilen tanyşdyrýan eksponatlar girdi.
Onuň yz ýany bilen beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň açylyşy boldy. Forumyň barşynda iki ýurduň diplomatlarynyň, alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň çykyşlary diňlendi, olarda beýik söz ussadynyň şahyrana we pelsepe mirasynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti nygtalyp geçildi.
Forumyň barşynda Magtymguly Pyragynyň koreý diline terjime edilen goşgulary okaldy, şeýle hem beýik akyldaryň ömri we döredijilik ýoly hakynda gürrüň berýän şekilli gysagajyk film görkezildi.
Onuň yzyndan iki ýurduň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň maksatnamasy Seulyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde, şeýle hem Koreýanyň paýtagtyndan 30 km uzaklykda ýerleşýän Yýdjonbu şäherindäki Şinhan uniwersitetinde boljak döredijilik forumynyň çäresi bilen dowam eder.
Ýokary okuw mekdeplerinde sergi, konsert geçer, Magtymgulynyň ömri we döredijiligi baradaky Istärin filminiň, şeýle hem ahalteke bedewlerine bagyşlanan At-Myrat filminiň görkezilişi bolar.
ORIENT habarlar








