HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Hytaýyň nebituniwersitetiniň rektory bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Mart 29, 2023 | 12:40 |14635
Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektoryhanym Wu Sýaolin bilen duşuşdy.Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektoryhanym Wu Sýaolin bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy

Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektoryhanym Wu Sýaolin bilen duşuşdy.

Iki döwletiň ýokary depginde ösýan strategiki gatnaşyklaryny belläp, türkmen diplomaty ýurduň içerki we daşarky sayýasatynyň aýratyn ugurlary barada gürrüň berdi.

Diplomatik wekilhananyň baştutany ýurduň ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, Türkmenistanda giň maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň ähmiýetini nygtady.

Öz gezeginde Wu Sýaolin birnäçe döwletleriň wekilleriniň, şol sanda Türkmenistanyň gatnaşmagynda uniwersitetiň dördilmeginiň 70 ýyllyk ýubileýini baýram etmekligi niýet edinýändigini gürrüň berdi.

Uniwersitetiň halkara bölüminiň başlygy hanym Ýan Weý hödürlenýän okuw maksatnamalarynyň görnüşlerini giňeltmekde hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistana baryp görmäge taýýardygyny bildirdi.

Mundan başga-da, Hytaýyň nebit uniwersiteti Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasy bilen bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini gaýtadan dikeltmäge taýýardyr.

Hytaýyň nebit uniwersitetine baryp görmegiň barşynda türkmen ilçihanasynyň wekilleri bu ýokary okuw mekdebinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar. Duşuşykda diplomatik wekilhananyň baştutany talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp, olary ilçihananyň ýaşlar bilen işleşmek boýunça jogapkär diplomatlary bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi ýygnananlara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny gowşurdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026