HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaş saýlawçylar saýlawdaky orny barada näme pikir edýärler?

Mart 26, 2023 | 23:53 |13595
Ýekşenbe güni Türkmenistanda parlamente we ýerli wekilçilikli guramalara saýlawlar geçirildi. Şonuň üçin irden Aşgabatda adaty, «asuda» dynç günlerinden tapawutlylykda joşgunly ýagdaý höküm sürýärdi.Ýekşenbe güni Türkmenistanda parlamente we ýerli wekilçilikli guramalara saýlawlar geçirildi. Şonuň üçin irden Aşgabatda adaty, «asuda» dynç günlerinden tapawutlylykda joşgunly ýagdaý höküm sürýärdi.
Çeşme: автора

Ýekşenbe güni Türkmenistanda parlamente we ýerli wekilçilikli guramalara saýlawlar geçirildi. Şonuň üçin irden Aşgabatda adaty, «asuda» dynç günlerinden tapawutlylykda joşgunly ýagdaý höküm sürýärdi.

Umuman alanyňda, Merkezi saýlaw topary paýtagtda 470 müň 239 saýlawçyny hasaba aldy. Olaryň öz isleglerini beýan etmegi üçin esasanam şol gün köp sanly myhman kabul eden uniwersitetleriň we mekdepleriň binalarynda saýlaw uçastoklary açyldy. Guramaçylar hemme ýerde daşarky dizaýnda-da, aýdym-sazda-da baýramçylyk howasyny döretmäge çalyşdylar.

ORIENT, şeýle uçastoklaryň biri bolen, Oguz han adyndaky inženerlik we tehnologiýa uniwersitetinde ýerleşýän saýlaw uçastogyna bardy.

1.JPEG

Köp sanly ýaşlaryň, şol sanda gyzlaryň bolmagy dessine gözüme ildi. Saýlaw uçastok toparynyň agzalarynyň pikrine görä, bu häzirki saýlawlaryň esasy ugry. Aslynda, geň galdyryjy zat ýok – ylmy we döredijilik işleri bilen meşgullanýan häzirki zaman ýaşlarynypň özi özbaşdak başlangyç. Bilim, amaly endikler, elbetde, ýaş hünärmen üçin zerurdyr, ýöne kanuny sowatlylyk, syýasy medeniýet, berk raýatlyk we jogapkärçilik ýaly möhüm häsiýetleri hem ýatdan çykarmaly däldir.

Saýlawlarda türkmen ýaşlarynyň işjeňligi, ýigitleriň we gyzlaryň döwletiň işlerini dolandyrmakda, şol sanda saýlamak we saýlanmak hukugyna düşünip, wekilçilikli hökümet edaralaryny döretmekde öz wezipelerini bilýändigine şaýatlyk edýär.

2.JPEG

Başga aýdylanda, ýaşlary batyrgaý pikirler, täzeçe çemeleşmeler, stereotipleriň ýoklugy, güýçli we yhlasly aýratyn işjeň jemgyýetçilik topary hökmünde kesgitläp bolar.

ORIENT käbir ýaş saýlawçylar bilen söhbetdeş bolup, ses berişlige nähili gatnaşýandyklaryny sorady. Her kim umumy pikiri dowam etdirenligi we üstüni ýetirenligi üçin jJogap köpçülikleýin bolup çykdy we ony konsentrirlenen görnüşde bersek ol şeýle bolýar:

– Bugünki gün syýasat bilen gyzyklanmazlyk mümkin däl. Häzir biz töweregimizdäki hemme zadyň we özümiziň üýtgeýän, işjeň üýtgeşmeler döwürde ýaşaýarys. Prezidentimiz ýaşlary ýurdy döwrebaplaşdyrmaga, diňe bir ylmy we tehnologiki ugurda däl, eýsem jemgyýetçilik we syýasy ugurlarda işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şonuň üçin ýurdumyzyň geljekdäki ösüşi, dolandyrylyşy barada gürrüň edilende bir gapdalda durup bolmaýar. Sebäbi bu biziň her birimiz üçin güýçli, Garaşsyz we gülläp ösýän Watanyň gurluşygyna goşant goşmak üçin bir pursatdyr.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026