HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Martyň aýagynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçer

Mart 27, 2023 | 12:12 |11228
29-njy martdan 31-nji marta çenli Koreýa Respublikasynyň birbada iki şäheri – Seul we Yýdjonbu – Türkmenistanyň Medeniýet günlerini kabul ederler.29-njy martdan 31-nji marta çenli Koreýa Respublikasynyň birbada iki şäheri – Seul we Yýdjonbu – Türkmenistanyň Medeniýet günlerini kabul ederler.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

29-njy martdan 31-nji marta çenli Koreýa Respublikasynyň birbada iki şäheri – Seul we Yýdjonbu – Türkmenistanyň Medeniýet günlerini kabul ederler.

Maksatnamada beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty, halk amaly-haşam syngatynyň sergisi, şeýle hem türkmen kinofilmleriniň görkezilişi göz öňünde tutulandyr.

Kino görkezilişiň maksatnamasyna «Türkmenfilm»döredijilik birleşmesi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň eseriniň esasynda düşürilen «Istärin» doly metražly çeper lentasy we bir ýetginjegiň atşynaslygyň esaslaryny özleşdirişini beýan edýän «At-Myrat»kinokartinasy girer.

Medeniýet çäreleri mynasybetli Koreýanyňtomaşaçylaryny türkmen saz medeniýetiniň eserleri, özboluşly tans däpleri we aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tanyşdyrjak gala-konsert bolar.

Koreýadaky türkmen Medeniýet günleri iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen jemlener.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we medeni alyş-çalyşy giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Seuldaky we Yýdjonbudaky öňde boljak çäreler Respublikanyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň medeniýetine goşulmaga we ýurt hakynda köp täze zatlary bilmäge mümkinçilik berer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026