HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Hytaý Boaos Aziýa forumyna taýýar

Mart 27, 2023 | 17:09 |9219
28-nji martda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda her ýylky geçirilýän 22-nji Boaos Aziýa forumy açylýar – diýip, China daily habar berýär.28-nji martda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda her ýylky geçirilýän 22-nji Boaos Aziýa forumy açylýar – diýip, China daily habar berýär.
Çeşme: chinadaily.com.cn

28-nji martda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynda her ýylky geçirilýän 22-nji Boaos Aziýa forumy açylýar – diýip, China daily habar berýär.

Bu ýyl forum baryp gatnaşmak formatynda geçer. Eýýäm 40-a golaý ýurduň we sebitiň wekilleri çärä gatnaşýandygyny tassykladylar.

Bu forumyň çäklerinde iki sany uly sessiýany – erkin söwdanyň portlaryny ösdürmek boýunça Bütindünýä forumyny we «Haýnan dialogyny» geçirmek meýilleşdirilýär.

Sany boýunça üçünji gezek geçirilýän erkin söwdanyň portlaryny ösdürmek boýunça Bütindünýä forumy bütindünýä hyzmatdaşlygyny gurmak maksady bilen,Hytaýyň we daşary ýurduň erkin söwda zolaklaryny we portlaryny bileşdirmäge niýetlenendir.

29-njy martda geçiriljek «Haýnan dialogy» Hytaýyň Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletleriniň Birleşmesi (АСЕАН) bilen oba hojalygy babatyndaky hyzmatdaşlygy we Haýnanyň erkin söwda portynda halkara senagat özara gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanar.

Gurnaýjylar ekologik taýdan arassa çäräni geçirmekligi maksat edindiler. Gatnaşyjylary daşamak üçin diňe energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniňesasynda işleýän ulag serişdeleri ulanylar. Her ýyl geçirilýän maslahatyň ähli binalary we desgalary hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri bilen işlär.

Häzirki forumyň ýene-de bir täzeligi uglerody nol derejede çykarýan Boaos görkeziji zolagynyň gurluşygy bolar. Onda hödürlenen 16 taslama uglewodorod gazlarynyň atmosfera taşlanmagyny her ýylda 9 tonnadan gowrak kemeltmäge mümkinçilik berer.

Boaos Aziýa forumy 31-nji marta çenli dowam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026