HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-Tatarstan biznes forumy: teklipler we ylalaşyklar

Mart 17, 2023 | 15:05 |12372
Tatarystanyň wekiliýeti eýýäm türkmen paýtagtyndan watanyna dolandy, 15-16-njy martda bu ýerde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Tatarystan iş toparynyň sekizinji mejlisi, şeýle Türkmen-Tatarystan işewürlik-forumy bolup geçdi.Tatarystanyň wekiliýeti eýýäm türkmen paýtagtyndan watanyna dolandy, 15-16-njy martda bu ýerde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Tatarystan iş toparynyň sekizinji mejlisi, şeýle Türkmen-Tatarystan işewürlik-forumy bolup geçdi.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Tatarystanyň wekiliýeti eýýäm türkmen paýtagtyndan watanyna dolandy, 15-16-njy martda bu ýerde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki Türkmen-Tatarystan iş toparynyň sekizinji mejlisi, şeýle Türkmen-Tatarystan işewürlik-forumy bolup geçdi.

Duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri metbugatda giň maslahatlaşmalary döretdi. ORIENT iki tarapyň işewürlik jemgyýetleriniň we edaralarynyň arasynda duşuşyk meýdançasynda aýdylan ähli ylalaşyklary we meýilnamalary hödürleýär.

Туркмено-татарстанский деловой форум: предложения и договоренности

— «Eýdos-Medisina» Tatarystan kompaniýasy türkmen hökümetine ýurduň çäklerinde hyzmat enjamlaryny öndürmekligi teklip etdi;

— Tatarystan Türkmenistanyň ähli ugurlardaky hünärmenleriniň hünärini kämilleşdirmäge we lukmançylyk işgärleri üçin okuwlary geçirmäge taýýardygyny beýan etdi;

— «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» Türkmenistana saglygy goraýyş ulgamy üçin iki dikuçar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Gürrüň Mi-8 we «Ansat» ýeňil dikuçar hakynda barýar;

— Tatarystan 2015-nji ýylda döredilen, iri IT-kompaniýalaryny özüne çekýän Innopolis ýokary tehnologik şäheriň esasynda «akylly şäherleri» döretmek tejribesini paýlaşar. Tejribe Arkadag şäheriniň gurluşygynda ulanylar;

— «Türkmendeňizderýaýollary» türkmen agentligine gury ýükleri daşaýan-gämileriň birnäсe görnüşleri teklip edildi. Tatarystanyň gämi gurluşyk kompaniýasy gämi gurluşygynda goldaw bermäge gyzyklanmasyny beýan etdi;

— Tatarystanyň agro-pudagy türkmen bazarlaryna çykmagy maksat edinýär, hususan-da, gürrüň günebakar ýagynyň, iýmit we raps ýagynyň eksporty, uzak wagtlap saklanýan süýt önümleriniň, peýnirleriň eksporty hakynda barýar.

— Tatarystanyň «Elita» kompaniýasy türkmen kärdeşleri bilen iri şahly mallaryň genetikasy ugrundan tejribe paýlaşmaga taýýar;

— Tatarystan Türkmenistana lukmançylyk senagaty we farmasewtika gurluşlary üçin simulýatorlar bilen üpjün eder;

— Tatarystanyň KHBS-i Türkmenistandan bolan kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda tejribe paýlaşmaga, maglumat babatynda ädimleri utgaşdyrmaga taýýardyr;

— Türkmenistanda meşhur söwda tory «Halk market» indi Tatarystanyň «Naturalnoýe zdorowýe» AGPJ bilen hyzmatdaşlyk eder;

— Kazanyň uniwersitetleri Türkmenistandan talyplaryň sanyny artdyrmagy, şeýle hem türkmen ýaşlaryny ýokary tehnologik hünärler boýunça taýýarlamagy meýilleşdirýärler;

— Tatarystan robototehnika we birleşdirilen materiallaryň önümçiligi babatynda tejribe paýlaşmaga taýýar. Şeýle hem erkin ykdysady zolaklary döretmek babatynda tejribe alyşmak barada hem maglumat aýdyldy.

Türkmen-Tatarystan hyzmatdaşlygynyň tejribesiniň baý taryhy bardyr: sanawa ýangyç-energetika toplumyna, ulaga, nebit-himiýa, himiýa senagatyna degişli däp bolup gelýän duşuşyklar we kararlar goşulmady. Sebäbi Kazan we Aşgabat diňe bir ÝET-nyň meseleleri bilen çäklenmeýän gatnaşyklaryň köp wektorly ýoluny gurmak isleýärler.

Ýöne «Tatneft» we KAMAZ bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin goldaw bolup hyzmat eder. Syýasy gatnaşyklar barada bolsa üns Türkmenistanyň gatnaşmaga çagyrylan beýleki çärelerine geçýär: şunda Kazanforum-2023, Russia Halal Expo we wekiliýetleriň meýilleşdirilen ikitaraplaýyn saparlary bar.

Arslan MÄMMEDOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026