HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

Mart 24, 2023 | 22:56 |8667
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Çeşme: orient.tm

Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Lebedew Döwlet Baştutanyna GDA-nyň synçylar toparynyň işi barada habar berdi hem-de ýurtda halkara synçylaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Ol saýlaw möwsüminiň türkmen raýatlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçýändigini belledi. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda guralýandygyna şaýatlyk edýär. Myhman saýlawlaryň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow hem-de Sergeý Lebedew Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň geçirýän çärelerine işjeň gatnaşýandygy, häzirki zaman sebit hem-de ählumumy meselelerinde Arkalaşygyň ornunyň pugtalandyrylmagyna öz saldamly goşandyny goşýandygy nygtaldy.

GDA-nyň giňişligindäki özara gatnaşyklar meselelerinde Türkmenistan işjeň orny eýeleýär. Ykdysadyýet we söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly köptaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy höweslendirmek we giňeltmek boýunça yzygiderli öňe sürülýän teklipler munuň aýdyň subutnamasydyr. GDA-nyň giňişliginde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işinde özara gatnaşyklary pugtalandyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini we ony mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy maksat edinýändigini belläp, döwletara hyzmatdaşlygy netijeli utgaşdyrýandygy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026
Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

Owganystandaky suw joşmalary: 20 adam heläk boldy, 80 adam ýaralandy, 100-den gowrak adam dereksiz ýitdi

18:00 Iýul 23, 2026