HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Uly kir ýuwuşlyk" - Aşgabatdaky fransuz mekdebindäki çeperçilik çäresi

Mart 26, 2023 | 01:52 |14088
Ýaz paslynyň gelmegi bilen fransuz mekdebiniň MLF (Mission laïque française) okuwçylary, däp bolşy ýaly, adaty bahar çärelerine taýýarlanýarlar. Olaryň arasynda – hemmeleriň halaýan "Uly kir ýuwuşlygy" (Grande lessive).Ýaz paslynyň gelmegi bilen fransuz mekdebiniň MLF (Mission laïque française) okuwçylary, däp bolşy ýaly, adaty bahar çärelerine taýýarlanýarlar. Olaryň arasynda – hemmeleriň halaýan "Uly kir ýuwuşlygy" (Grande lessive).
Çeşme: автора

Ýaz paslynyň gelmegi bilen fransuz mekdebiniň MLF (Mission laïque française) okuwçylary, däp bolşy ýaly, adaty bahar çärelerine taýýarlanýarlar. Olaryň arasynda – hemmeleriň halaýan "Uly kir ýuwuşlygy" (Grande lessive).

Suratlar toplumyny bir ýerde üýşürilip sergilemek başlangyjyny 2006-njy ýylda fransuz suratkeşi Joel Gontýe ýola goýdy. Aksiýa gatnaşyjylar bellenilen günde köçede (howluda, kitaphanada, meýdançalarda, seýilgählerde) ýüp çekip, oňa köpsanly surat asýarlar. Ýylda iki gezek geçirilýän "Uly kir ýuwuşlygyň" temasy her gezek üýtgeýär. Döredijilik işlerini ýerine ýetirmegiň usuly islendik görnüşli bolup biler. Bulara galam, akwarel bilen ýerine ýetirilen nakgaş işleri, fotomontaž, kollaž eserleri we ş.m. girýär. Ýeke-täk umumy talap – kagyz listleriň ölçegi (A4 formaty), berlen mowzuga laýyklyk we her kim diňe bir işini hödürläp biler.

20230324_100655-1.jpg

Şeýle fleş-moblaryň esasy maksady çeperçilik tejribesini we öwrenmek ukybyny, şeýle hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmekdir. Çärä gatnaşmak üçin hünärmen bolmak hökman däl, ýaşyna garamazdan, islendik adam oňa gatnaşyp biler.

20230324_100734-1.jpg

Bu baharyň mowzugy – Ma cabane et/est la tienne, ýagny – "Meniň öýüm siziň öýüňiz".

20230324_100708-1.jpg

Fransuz mekdebiniň okuwçylary rahatlygy we myhmansöýerligi alamatlandyrýan türkmen ak öýlerini çekmek kararyna geldiler. Kollejde bilim alýan çagalar öz pikirlerini reňkli galamlar bilen beýan etmegi makul bildiler. Orta synp okuwçylary öý eýeleriniň gapylaryny giňden açyp garşy alýan pursatlary şekillendirilen eserlerini hödürlediler. Mekdebiň iň ýaş okuwçylary bolsa foto we çekilen suratdan ybarat kollažlary taýýarladylar.

20230324_100640-1.jpg

"Uly kir ýuwuşlyk" şu ýyl global çäre hökmünde giň gerim alýar. Ol 120-den gowrak ýurtdan 10 milliondan gowrak adamy birleşdirdi. Türkmenistan bu sungat çäresine alty ýyl bäri gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

Moskwa «Dutaryň owazlary» atly X halkara festiwalynyň çäklerinde ylmy maslahaty kabul eder

23:26 Iýul 11, 2026
«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

«Ashgabat Mall» — söwda we dynç alyş üçin iň iri hem-de iň döwrebap merkezleriň biri (wideo)

21:00 Iýul 11, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ýaraşygyň tamamlanandygyny yglan etdi

20:00 Iýul 11, 2026