HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”

Mart 25, 2023 | 18:58 |9284
Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: ТАСС

Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.

Migrantlar üçin "rus dilini, Russiýanyň taryhyny we kanunçylyk esaslaryny biliş derejesine baglylykda, kesgitli töleg görnüşde öňünden tölenýän fiziki şahslaryň girdeji salgydyna arzanladyş koeffisiýentini girizmek teklip edilýär." Tölegiň möçberi dil biliminiň esaslaryndan baş çykarýan ýurduň çägine göçüp gelenler üçin 10%-den başlap, biliş derejesi gowy bolanlar üçin 20% we rus dilini suwara bilýänler üçin 50%-e golaý bolar. Baş müdirligiň ýolbaşçysynyň pikiriçe, bu çemeleşme migrantlary rus dilini öwrenmäge höweslendirer.

Walentina Kazakowa dil reýtingini girizmegi teklip etdi we uýgunlaşma döwründen (1-3 aý) soň ol pes bolsa, onda migrantlary uýgunlaşma tölegini tölemäge borçly etmeli. “Eger dil bilimi kämilleşýän bolsa, öňünden tölegiň möçberi azalyp biler, ösüş bolmasa artyp biler. Ownuk administratiw jenaýatlar edilen halatynda tölegiň möçberi gaýtadan dikeldilip bilner" – diýip, Kazakowa aýtdy.

Geljekde FŞGS-e berilýän ýeňilliklere we uýgunlaşma tölegine, mysal üçin, jemgyýetçilik işleri hem täsirini ýetirer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026