HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Sergeý Lebedew hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Mart 24, 2023 | 14:46 |7952
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, TDH habar berýär.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet teleradiosy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselleri ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, TDH habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda GDA-nyň baş sekretary Türkmenistanyň parlamentine boljak saýlawlara taýýarlygyň ýokary derejesini belledi, ses bermekligiň açyk we konstruktiw ýagdaýda geçýändigini aýtdy.

Öz gezeginde, Halk Maslahatynyň Başlygy GDA bilen hyzmatdaşlygy ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip atlandyrdy. Türkmenistan halkara arenasynda Arkalaşygyň ýagdaýyny pugtalandyrmaga öz goşandyny goşýar.

Maslahatlaşmalaryň başga bir temasy hyzmatdaşlygy mundan beýläk pugtalandyrmak meselesi boldy. Bu jähtde täzelenen türkmen parlamentiniň gurama bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirjekdigine ynam bildirildi.

Şeýle hem taraplar energetika, ulag, medeniýet we öňdebaryjy tehnologiýalar babatynda hyzmatdaşlygyň ýerine ýetirilmegini ünsden düşürmediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026