Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Azerbaýjan Gazagystanyň nebitini Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirmek işini ýola goýdy

Mart 24, 2023 | 21:03 |10147
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: sknews.kz

Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

“Tengiz” ýatagyndan çykarylýan Gazagystan nebitiniň ilkinji tapgyry 23-nji martda “Prezident Geýdar Aliýew” tankeri bilen Aktau portundan Sangaçal terminalyna getirildi.

Gazagystan nebitini Baku-Tbilisi-Jeýhan üsti bilen daşama SOCAR we Kazmunaigas kompaniýalarynyň gol çeken ylalaşygynyň (ýylda 1,5 million tonna nebitiň üstaşyr daşalmagyny göz öňünde tutýar) çäklerinde amala aşyrylýar.

2023-nji ýylyň ahyryna çenli Hazar deňziniň üsti bilen aýda 12-14 sany tanker gatnawyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Gazagystanyň nebitiniň indiki tapgyry “Şusha” tankeri bilen 27-nji martda Aktau portundan iberiler – diýlip, habarda aýdylýar.

"Kazmunaigas" Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Bulat Zakirow ozal Gazagystanyň Tengiz ýatagyndan Azerbaýjana nebit ugradyp başlamagy meýilleşdirýändigini mälim edipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026