HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary goraghanalar boýunça täze ugurlary işläp düzerler

Mart 23, 2023 | 12:27 |12280
Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary daşary ýurt syýahatçylaryny çekmek üçin goraghana ýerleri boýunça täze ugurlary işläp düzmekligi meýilleşdirýärler.Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary daşary ýurt syýahatçylaryny çekmek üçin goraghana ýerleri boýunça täze ugurlary işläp düzmekligi meýilleşdirýärler.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary daşary ýurt syýahatçylaryny çekmek üçin goraghana ýerleri boýunça täze ugurlary işläp düzmekligi meýilleşdirýärler.

Bu barada ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri temasy boýunça Aşgabatda geçen halkara maslahatynda belli boldy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.

«Esasy wezipe biziň ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmakdyr. Öz tarapymyzdan türkmen welaýatlarynyň, şäherleriniň, maddy we maddy däl medeni ýadygärlikleriniň täze garaýyşdaky mahabatyny ösdürmeli. Türkmen syýahatçylygyny ösdürmek üçin meýilnamalarymyz we taslamalarymyz bizde ýeterlikdir. Ilkinji nobatda – bu goraghana ýerleri boýunça täze ugurlary işläp düzmek» – diýip, «Atlas» syýahatçylyk kompaniýasynyň wekili Myrat Öwezow gürrüň berdi.

Maslahatyň işine ona golaý ýurduň wekilleri gatnaşdylar. Şanhaýyň (Hytaý) syýahatçylyk kompaniýalarynyň biriniň baş direktory Žun Žen «Türkmenistana syýahat etmek şanhaýlylaryň göwnünden turar, olar ekzotikany, söwda etmegi halaýarlar, bu ýerde bolsa seredere, satyn almaga-da zat bar» – diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň bellemegine görä, maslahat, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň syýahatçylygyny ösdürmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklyga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugurda 70-e golaý kompaniýa işleýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

Aşgabatda Startup World Cup 2026 global bäsleşiginiň saýlama tapgyry geçiriler

22:33 Sentýabr 13, 2026
Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

Türkmenistan bilen Gazagystan kärdeşler arkalaşyklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar: Astanadaky duşuşygyň netijeleri

22:31 Sentýabr 13, 2026
Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

Özbegistanda syýahatçylyk startapyna 1 milliard sum mukdaryna çenli subsidýa berler

22:24 Sentýabr 13, 2026