HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: Si Szinpiniň Russiýa sapary bütindünýä durnuklylygyny pugtalandyrar

Mart 20, 2023 | 10:39 |9363
HHR-nyň başlygy Si Szinpiniň Russiýa 20-nji martda başlanjak üç günlük sapary bütindünýä durnuklylygynyň pugtalanmagyna uly goşant goşar – diýip, China daily habar berýär.HHR-nyň başlygy Si Szinpiniň Russiýa 20-nji martda başlanjak üç günlük sapary bütindünýä durnuklylygynyň pugtalanmagyna uly goşant goşar – diýip, China daily habar berýär.
Çeşme: chinadaily.com.cn

HHR-nyň başlygy Si Szinpiniň Russiýa 20-nji martda başlanjak üç günlük sapary bütindünýä durnuklylygynyň pugtalanmagyna uly goşant goşar – diýip, China daily habar berýär.

Si Szinpin başlyklyga saýlanandan soňra özüniň ilkinji sapary hökmünde ikinji gezek Russiýany saýlady.

Si Szinpiniň bu ýurda amala aşyrjak saparynyň çäklerinde RF-nyň baştutany Wladimir Putin bilen duşuşmagyna we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Soňky onýyllygyň dowamynda iki döwletiň baştutanlary ikitaraplaýyn duşuşyklaryň 40-syny geçirdiler, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary kämilleşdirmek, sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ýaly ugurlarda strategik ylalaşyklar gazanyldy.

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygynyň birinji orunbasary Irina Melnikowanyň sözlerine görä, döwlet baştutanlarynyň diplomatiýasy – bu haçanda ýurtlaryň ikisi hem täze eýýama girenlerinde we dünýäniň geljegine täsir edenlerinde gatnaşyklaryň täze görnüşidir.

Öz gezeginde, dostlugyň, parahatçylygyň we ösüşiň Russiýa-Hytaý komitetiniň bilermenler komissiýasynyň başlygy Ýuriý Tawrowskiý ýurtlaryň arasyndaky strategiki utgaşdyrmanyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi üçin wajyp ähmiýete eýe bolman, eýsem bütindünýä we sebitleýin parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy üçin ähmiýetli bolar – diýip, belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026