HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar gulluk pasportlarynyň eýeleri üçin wiza talabyny ýatyrýarlar

Mart 20, 2023 | 16:26 |10782
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi – diýip, TDH habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi – diýip, TDH habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleriniň netijesi boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi – diýip, TDH habar berýär.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda – diplomatik ýa-da gulluk pasportlary bolan şahslar üçin wiza talabynyň ýatyrylýandygy barada iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyk bar. Resminamanyň kabul edilmegi döwletleriň meseleleriň giň görnüşi boýunça özara gatnaşyklary düýpli giňeltmek niýetine şaýatlyk edýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Kataryň hökümetleri maýa goýumlaryny höweslendirmek we ony ikitaraplaýyn goramak barada ylalaşyga gol çekdiler, - bu örän wajyp resminama bolup, ol dünýäde uglewodorod serişdeleriniň uly gory bolan ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam eder.

Bulardan başga-da aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026