HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oleg Kononenko HKS-den gaýdyp gelen Anna Kikinany garşy aldy

Mart 22, 2023 | 20:15 |8773
Watandaşymyz, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Anna Kikinany gül dessesi bilen garşy aldy. Ol Halkara kosmos stansiýasyndaky ekspedisiýadan soň  Russiýa gaýdyp geldi. Şu gün irden ýörite uçar “Roskosmos” korporasiýasynyň bölüminiň ýeke-täk zenan kosmonawty bilen Domodedowo howa menzilinde gondy.Watandaşymyz, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Anna Kikinany gül dessesi bilen garşy aldy. Ol Halkara kosmos stansiýasyndaky ekspedisiýadan soň  Russiýa gaýdyp geldi. Şu gün irden ýörite uçar “Roskosmos” korporasiýasynyň bölüminiň ýeke-täk zenan kosmonawty bilen Domodedowo howa menzilinde gondy.
Çeşme: Ýu.A.Gagarin ad. kosmonawtlarynyň türgenleşik merkezi

Watandaşymyz, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Anna Kikinany gül dessesi bilen garşy aldy. Ol Halkara kosmos stansiýasyndaky ekspedisiýadan soň Russiýa gaýdyp geldi. Şu gün irden ýörite uçar “Roskosmos” korporasiýasynyň bölüminiň ýeke-täk zenan kosmonawty bilen Domodedowo howa menzilinde gondy.

1.jpg

Anna Russiýanyň taryhynda bäşinji zenan kosmonawt. Kosmosda bolan zenanlaryň altynjysy (ilkinji gezek kosmosda surata düşürilen “Wyzow” atly çeper filmde oýnan artist Ýuliýa Peresild - bäşinji) hasaplanýar.

Mundan başga-da, Anna Kikina HKS-iň taryhynda Amerikanyň “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kosmos gämisiniň ekipažynyň düzüminde älem giňişligine uçuş amala aşyran ilkinji russiýaly kosmonawtdyr. Kosmos gämisi 12-nji martda Meksika aýlagyna gondy. Anna Hýustondaky Jonson adyndaky NASA kosmos merkezinde reabilitasiýa başlady we indi ony “Star City”-de dowam etdirer.

2.jpg

“Bu ýerde birnäçe hepdäniň dowamynda hünärmenleriň ýolbaşçylygynda kosmonawtyň saglygyna baha berler. Lukmançylyk barlagyndan we dürli synaglardan soň lukmanlar mundan beýläkki dikeldiş meýilnamasyny kesgitlärler" – diýip, Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkezde aýtdylar.

3.jpg

Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkeziň başlygynyň orunbasary, kosmonawtlar bölüminiň serkerdesi Oleg Kononenko žurnalistlere Kikinanyň dikeldiş tapgyry barada gürrüň berdi we: "Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça merkezde Anna 7-nji aprele çenli dowam etjek dikeldiş maksatnamasy garaşýar" - diýdi.

4.jpg

Ondan ozal merkezde Oleg Kononenkonyň Halkara kosmos stansiýasyna bolan bäşinji uçuşa görýän taýýarlygy, geçýän türgenleşikleri we synag işleri barada gürrüň berdiler.

Leonid Kiýaşko, ORIENT-iň ýörite habarçysy, Russiýanyň etnikara žurnalistikasynyň Gildiýasynyň agzasy (Iwanowo ş.)

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026