HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nowruz Buharestde «Täze gün, Täze ýaşaýyş» sergisi bilen bellendi

Mart 21, 2023 | 21:57 |7603
Anna güni Buharestde Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri barada gürrüň berýän reňkli ekspozisiýa açyldy. Nowruz baýramyna – baharyň gije-gündiziň deşleşýän gününe bagyşlanan, her ýyl geçirilýän «Täze gün, Täze ýaşaýyş» atly sergi-ýarmarkasy, bu ýurtlaryň Rumyniýadaky ilçihanalary tarapyndan ARCUB medeni merkeziniň kömegi bilen gurnaldy, – diýip Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugatynda aýdylýar.Anna güni Buharestde Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri barada gürrüň berýän reňkli ekspozisiýa açyldy. Nowruz baýramyna – baharyň gije-gündiziň deşleşýän gününe bagyşlanan, her ýyl geçirilýän «Täze gün, Täze ýaşaýyş» atly sergi-ýarmarkasy, bu ýurtlaryň Rumyniýadaky ilçihanalary tarapyndan ARCUB medeni merkeziniň kömegi bilen gurnaldy, – diýip Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugatynda aýdylýar.
Çeşme: предоставлено посольством Туркменистана в Румынии

Anna güni Buharestde Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri barada gürrüň berýän reňkli ekspozisiýa açyldy. Nowruz baýramyna – baharyň gije-gündiziň deşleşýän gününe bagyşlanan, her ýyl geçirilýän «Täze gün, Täze ýaşaýyş» atly sergi-ýarmarkasy, bu ýurtlaryň Rumyniýadaky ilçihanalary tarapyndan ARCUB medeni merkeziniň kömegi bilen gurnaldy, – diýip Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugatynda aýdylýar.

Her ýurt milli stend gurady. Türkmen meýdançasy ajaýyp halylar we haly önümleri, reňkli suratlar we kartinalar bilen bezeldi. Myhmanlar elde işlenen nagyşlar bilen bezelen ajaýyp owadan etnik eşikleri, meşhur zergärleriň kümüş şaý-seplerini, bagşylaryň halk sazlaryny we aýdymlaryny ýerine ýetirýän saz gurallaryny görüp bildiler.

1-3.jpg

Rumyniýanyň sergisine gelenler, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy eserleri we Türkmenistan hakda gürrüň berýän beýleki neşir materiallary bilen hem tanyşdylar. Baýramyň myhmanlary ýurdumyzyň baý medeni we taryhy mirasyna we döwletiň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan wideolary görüp has doly maglumat alyp bildirler.

2-3.jpg

Sergide Nowruzyň Türkmenistanda folklor çykyşlary, küştdepdi milli tansy we beýleki aýdym-saz we medeni dabaralar bilen nädip bellenilýändigi barada wideo yzygiderliliginiň görkezilişi guraldy.

3-1.jpg

Sergä Rumyn häkimiýetleriniň wekilleri, diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem Rumyniýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary we Buharestdäki uniwersitetlerde okaýan türkmen talyplary geldiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026