Oguz han adyndaky uniwersitet Merkezi Aziýada ilkinji bolup Halkara CDIO başlangyjyna agza boldy


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Merkezi Aziýada ilkinji bolup, terjimede Oýlap tapyş - Döretmek - Durmuşa geçirmek - Dolandyrmak diýmegi aňladýan CDIO - Conceive - Design - Implement - Opera halkara birleşiginiň agzalygyna kabul edildi.
CDIO innowasion bilim platformasynyň esasy ýörelgesi, täze nesli inženerlerini, dünýäni gowy tarapa üýtgedip biljek adamlary taýýarlamakdyr. Bu wezipäni, häzirki zaman inženerlik uniwersitetleriniň çylşyrymly zatlary meýilleşdirip, dizaýn edip, öndürip we gurup bilýän uçurymlary çözmäge çagyrylýar.
Häzirki wagtda 40-dan gowrak ýurtdan 200-e golaý ýokary okuw jaýy we gözleg instituty CDIO agzalary bolup durýar. Mundan beýläk bu sanawda türkmen uniwersiteti hem bar.
Bu birleşigiň agzasy bolmak bilen, Oguz han adyndaky uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary halkara we Aziýa sebit konferensiýalaryna gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar we beýleki daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň inženerleri we tehnologlary taýýarlamak tejribesi bilen tanşyp we öwrenip, şeýle hem okaýanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin tejribelerini alyp bilerler.
Britaniýanyň ýokary bilim baradaky žurnalyna görä ozal türkmen tehniki uniwersiteti ýokary okuw jaýlarynyň dünýä reýtingine goşulandygyny ýatladýarys. Uniwersitet üç sany durnukly ösüş maksady: «Arzan, ygtybarly we häzirki zaman energiýa çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek», «Durnukly infrastrukturany döretmek, senagatlaşmaga we innowasiýalara ýardam etmek» we «Global hyzmatdaşlygy güýçlendirmek» üçin ykrar edildi. Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti häzirki wagtda Türkmenistanda ýapon modeline esaslanýan okuw meýilnamasy bolan ýeke-täk uniwersitetdir. Hünärmenler «nanomateriallar», «biotehnologiýa» we «robototehnika» ýaly 10 ugur boýunça taýýarlanýar.
ORIENT news








