HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine sapary başlandy

Mart 19, 2023 | 23:12 |13021
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine bardy.Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine bardy.
Çeşme: телеканал «Алтын асыр»

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherine bardy.

Dynç güni Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Döwlet Daştutanyny ýurdumyzyň hökümet agzalary we Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygryýarly ilçisi ugratdylar.

Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow diplomat bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk dostlukly gatnaşyklara esaslanýan gepleşikleriň netijeli ösýändigini belledi.

2-1.jpg

Iki sagatdan gowrak wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Doha şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar.

3.jpg

Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine saparyna mineral baýlyklara baý we senagat taýdan ösen Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu ýurtlaryň köpüsi bilen diýseň netijeli gepleşikleri geçirdi.

Katar bilen hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, diňe soňky döwür içinde iki döwletiň baştutanlary tarapyndan bäş sapar amala aşyryldy. Şeýle-de bolsa, iki tarap hem gazanylan netijelere garamazdan, ähli derejelerde - syýasy, hökümet, pudaklaýyn söwda-ykdysady, şeýle-de medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ynanýar.

Türkmenistanda çalt ösýän telekeçilik hereketini göz öňünde tutmak bilen, häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işewür gurluşlar derejesinde mümkinçilikleri doly güýjünde peýdalanylmaýar, diýlip hasap edilýär.

Türkmenistan bilen Katar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda konstruktiw we yzygiderli aragatnaşyk saklamak arkaly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli işleşýärler.

Türkmen-katar gepleşiklerini berkitmäge nobatdaky mejlisi şu ýyl Aşgabatda geçirmegi meýilleşdirýän hökümetara topar hem saldamly goşant goşýar.

4-1.jpg

Şu ýyl Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 27 ýyl bolýar. Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Prezident Serdar Berdimuhammedowyň Ýakyn Gündogaryň möhüm ýurtlaryndan biri bolan Katara amala aşyrýan bu sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarar.

Duşenbe güni ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler. Olaryň dowamynda möhüm resminamalara gol çekilmegine, şeýle hem, ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly, Dohada Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagyna garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026