Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary raýatlary parlament saýlawlaryna çagyrýarlar


Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary türkmenistanlylary Mejlisiň deputatlarynyň ýedinji çagyrylyşynyň saýlawlaryna ses bermäge çagyrýarlar. Dünýäniň onlarça şäherlerindäki ýurduň diplomatik missiýalary saýlaw uçastoklarynyň açylandygyny sosial torlardaky sahypalarнтda habar berdiler.
Ses bermäge gatnaşmaga 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýatlary goýberilýär. Ýanyňda Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da onuň ýerini tutýan resminama bolmalydyr.
Türkmenistanda parlament saýlawlary 26-njy martda bolar. 16-njy martda möhletinden öň ses bermek başlandy, onuň barşynda, eger raýatlar ol ýa-da beýleki sebäplere görä esasy saýlaw güni öz dalaşgäri üçin ses berip bilmeýän bolsa, ony möhletinden öň amala aşyryp bilýär.
ORIENT habarlar








