Özbegistan Merkezi Aziýada ýeke-täk töleg ulgamyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär


Özbegistan ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň (TIFA) arasynda söwda we maýa goýumlary boýunça Çarçuwaly ulalaşyk geňeşiniň Samarkantda geçirilen mejlisinde Merkezi Aziýada ýeke-täk töleg ulgamyny döretmek teklibini öňe sürdi – diýip, Özbegistanyň metbugaty habar berýär.
Taslama harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijiler üçin ýeke-täk töleg ulgamy bolan sebit platformasyny döretmegi, maglumat merkezlerini (data center) we çaklama we töwekgelçiligi dolandyrmak (risk management) üçin eksportçylaryň we importçylaryň maglumatlar binýadyny guramagy, şeýle hem sanitar-epidemiologiki abadançylygy üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem, özbek tarapy oba hojalyk önümlerini, gümrük çärelerini Söwda hukuklaryny ösdüriş maksatnamasynyň (CLDP) görkezmeleri esasynda sertifisirlemek üçin elektron ulgamlary ornaşdyrmagy teklip etdi. Öňdebaryjy tejribäni yzygiderli paýlaşmagyň, sebitde zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň zerurlygy bellenildi.
Samarkand duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag we beýleki ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklarynyň ulanylmadyk çeşmelerini we mümkinçiliklerini ulanmak, şol sanda sebitdäki ýurtlaryň elektron söwdasy we bitewi garaşsyz arbitraž ulgamyny döretmek baradaky kanunçylygy unifisirlemek ýaly birnäçe anyk çäreleriň kabul edilmegine goşant goşjakdygy bellenildi.
ORIENT news








