HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Mart 17, 2023 | 18:50 |7371
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisinde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow wekilçilik etdi. Bu çäre adatça Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Bu ýyl işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara söwda merkezinde geçirildi, – diýip GDA-nyň internet portaly habar berýär.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisinde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow wekilçilik etdi. Bu çäre adatça Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Bu ýyl işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara söwda merkezinde geçirildi, – diýip GDA-nyň internet portaly habar berýär.
Çeşme: GDA-nyň internet portaly

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisinde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow wekilçilik etdi. Bu çäre adatça Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Bu ýyl işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara söwda merkezinde geçirildi, – diýip GDA-nyň internet portaly habar berýär.

Wekiliýetleriň mejlisi Moskwada dar görnüşde geçirildi. Soňra GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak geçirilip, onda işewürlik, söwda we senagat meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşiň wekilleri agrosenagat toplumynda özara gatnaşyk meselelerine garadylar. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň özara söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmaga, üçünji ýurtlaryň bazarlaryna girmegine, Arkalaşygyň giňişliginde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegine, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň oba hojalyk öndürijileriniň dünýä bazarlarynda ornuny berkitmegine kömek edýändigi bellenildi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary atom energiýasy we innowasiýa tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, döwlet innowasiýalaryny täjirleşdirmek, täze tehnologiýalary ösdürmek we ylmy tejribe alyşmak üçin şertler döretmek merkezleriniň alyp barýan işleri barada söhbet etdiler.

Duşuşygyň netijesinde birnäçe resminama gol çekildi: GDA agza ýurtlaryň radiasiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly gözegçilik maglumatlary alyşmak boýunça özara işleri barada Ylalaşygyň,Döwletara geňeşiniň «Radionawigasiýa» 2018-2021-nji ýyllardaky işleri barada taslamasy, 2009-njy ýylyň 20-nji noýabryndaky Harytlaryň gelip çykan ýurtlaryny döretmegiň kadalary baradaky şertnama üýtgetmeler girizmek baradaky teswirnamanyň taslamasy, GDA agza ýurtlaryň 2021-2025-nji ýyllar üçin ýerasty baýlyklaryny gözlemek, ulanmak we goramak boýunça bilelikdäki işleriň uzak möhletleýin meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň taslamasy, GDA agza ýurtlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin elektron we elektrik enjamlarynyň galyndylary dolandyrmak pudagyndaky hyzmatdaşlygy baradaky 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasy we ş.m.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisi 23-nji iýunda onlaýn görnüşde geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026