Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenildi

Mart 17, 2023 | 17:24 |15961
14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: Özbegistandaky Türkmenistanyň ilçihanasy

14-15-nji martda Özbegistanda beýik şahyr, Gündogaryň klassigi we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününüň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen medeni çäre, Horezm welaýatynda geçirildi, – diýip çäräniň guramaçysy bolup çykyş eden Özbegistandaky Türkmen ilçihanasy habar berýär.

1.png

Iki günlik medeni maksatnama wakalara baý bolup, çäreler «Magtymguly Pyragy – türkmen-özbek dostlugynyň köprüsi» atly halkara ylmy-amaly konferensiýasy bilen başlandy. Forumda çykyş edenler häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda alymlaryň we edebiýatşynaslaryň meşhur türkmen şahyrynyň döredijiligini öwrenýändigini, beýik klassigiň dogulmagynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň bolsa, Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda, şol sanda Magtymgulynyň poeziýasyny gowy görýän we baha berýän Özbegistanda hemr geçiriljekdigini bellediler. Munuň subutnamasy hökmünde Magtymgulynyň özbek dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2.png

Mälim bolşy ýaly, Türkmen şahyry bilimini mejlise gatnaşyjylaryň gezelenje baran taryhy Hywa şäherinde ýerleşýän Şirgazy medresesinde aldy. Şeýle hem olar, ol ýerdäki Içan Kala ýadygärlik toplumyna baryp gördüler.

Soňra Türkmen-Özbek dostlugy öýüniň howlusynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň döwrebap ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Wekiliýet Horezm welaýatynyň Ürgenç etrabynda ýerleşýän «Uly Howly» taryhy-medeni toplumyň çäginde ýerleşýän bu täsin ýadygärlige baryp gördüler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026