Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Fransuz senagatçylarynyň wekiliýeti Aşgabatda gepleşikleri geçirýär

Mart 16, 2023 | 16:28 |10404
Aşgabatda türkmen-fransuz işewürlik-forumy geçýär, oňa gatnaşmak üçin MEDEF International telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.Aşgabatda türkmen-fransuz işewürlik-forumy geçýär, oňa gatnaşmak üçin MEDEF International telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.
Çeşme: cci.gov.tm

Aşgabatda türkmen-fransuz işewürlik-forumy geçýär, oňa gatnaşmak üçin MEDEF International telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi.

MEDEF (Mouvement des entreprises de France) – fransuz işewürliginiň iň möhüm wekilidir. Bu gurama ähli pudaklardaky 800 000 fransuz kärhanalaryny birleşdirýär. Onuň halkara ganaty - MEDEF International-yň maksady daşary ýurtdaky fransuz kompaniýalarynyň işjeňligini höweslendirmekdir.

Plenar duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda bolup geçdi. Ony giriş çykyşlary bilen SSE-nyň başlygy Döwletgeldi Rejepow we «Buig Construction» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kristof Peti açdylar.

Fransiýadan gelen myhmanlaryň arasynda Airbus awiagurluşyk kompaniýasy, aerokosmiki önümleri öndüriji Thales, Alstom (maşyn gurluşygy), Bouygues Batiment International (gurluşyk), Dassault Aviation (uçar gurluşygy), Sanofi (derman senagaty), Geismar (demir ýollar üçin enjamlar), Poma SAS (tanaply ulag ulgamlary), Technip (senagat inženerligi), In Groupe (sanly tehnologiýalar we hyzmatlar) we başga-da köp kompaniýalar bar.

Türkmenstanyň adyndan foruma Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, ministrlikleriň we edaralaryň ýokary wezipeli adamlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň meýdançasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilýär, olar ertir hem dowam eder. Şu gün bolsa fransuz wekiliýeti ulag-kommunikasiýalar toplumynyň agentlikleriniň, Migrasiýa gullugynyň we Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026