HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Halkbank» TPJB milli programma önümlerine we enjamlara karz berýär

Mart 16, 2023 | 15:29 |9726
Türkmenistanyň paýdarlar täjirçilik banky «Halkbank» milli programma önümleriniň işlenip düzülmegi we enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem olary türkmen kompaniýalaryndan satyn almak üçin karzlary berýär.Türkmenistanyň paýdarlar täjirçilik banky «Halkbank» milli programma önümleriniň işlenip düzülmegi we enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem olary türkmen kompaniýalaryndan satyn almak üçin karzlary berýär.
Çeşme: unsplash.com

Türkmenistanyň paýdarlar täjirçilik banky «Halkbank» milli programma önümleriniň işlenip düzülmegi we enjamlaryň önümçiligi, şeýle hem olary türkmen kompaniýalaryndan satyn almak üçin karzlary berýär.

Şeýleleikde, milli programma önümlerini döretmek we öndürmek üçin karz 5 ýyllyk möhlete ýylyna 2% bilen berilýär. Karzyň möçberi maýa goýum taslamasynyň gerimine baglydyr. Karzyň ýeňillikli möhleti 2 ýyldyr.

Milli programma önümlerini satyn almak we işe girizmek üçin karzy edil şunuň ýaly göterim bilen 3 ýyllygyna alyp bolýar. Karzyň ýeňillikli möhleti – 6 aý.

Ýokarda sanalan karzlary alnanda girew goýulmalydyr. Karzy üzmegiň çeşmesi üçünji tarapyň kepilligi bolup bilýär.

Milli programma önümlerini döretmäge we satyn almaga karzlar ýurdumyzyň IT-senagatyny ösdürmäge, şeýle hem işewürlige innowasiýalary ornaşdyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga kömek etmäge niýetlenendir.

Ozal Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige milli programma önümlerini döretmäge we enjam öndürmäge, şeýle hem taýýaryny satyn almaga we işe girizmäge karz bermegiň tertibi tassyklanypdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026