HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Halk market» söwda tory Kazanyň kompaniýasynyň saglyk önümlerini mahabatlandyrar

Mart 16, 2023 | 00:55 |8753
Türkmenistandaky iň uly söwda torlaryndan biri bolan «Halk market» Russiýanyň adamyň saglygyny gowulaşdyrmaga we durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen önüm öndürmekde ýöriteleşen «Naturalnoýe zdorowýe» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şereketiň baş edarasy we esasy önümçilik desgalary Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýär.Türkmenistandaky iň uly söwda torlaryndan biri bolan «Halk market» Russiýanyň adamyň saglygyny gowulaşdyrmaga we durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen önüm öndürmekde ýöriteleşen «Naturalnoýe zdorowýe» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şereketiň baş edarasy we esasy önümçilik desgalary Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýär.
Çeşme: nhshop.ru

Türkmenistandaky iň uly söwda torlaryndan biri bolan «Halk market» Russiýanyň adamyň saglygyny gowulaşdyrmaga we durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen önüm öndürmekde ýöriteleşen «Naturalnoýe zdorowýe» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şereketiň baş edarasy we esasy önümçilik desgalary Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherinde ýerleşýär.

«Derman ösümliklerinden we minerallardan ýokary hilli saglyk önümlerini mahabatlandyrmak barada» ylalaşyga gol çekişmek 15-nji martda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 8-nji mejlisiniň we işewürlik forumynyň çäginde geçirildi.

1.png

«Naturalnoýe zdorowýe» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň baş müdiri Sergeý Patrakowyň aýmagyna görä, bu ylalaşyk «gysga wagtda eksportyň täze ugruna girmäge we Türkmenistanyň myhmansöýer halkyny öz önümleri bilen tanyşdyrmaga» mümkinçilik berer.

Kompaniýa, önümlerini gaýraüzülmesi bolmadyk we saglyga iň ýokary peýdany berip, bedeni ýaşardýan, bejerýän we dikeldýän dürli otlaryň we ösümlikleriň ekstraktlary garylan «energiýa maglumat önümleri» hökmünde tanadýar. Işiniň ikinji möhüm ugry bolsa, ýokary tehnologiýaly materialdan anatomiki önüm öndürmekdir. «Naturalnoýe zdorowýe» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet 5 ýyl bäri Russiýa Federasiýasynyň çäginden çykyp, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan we ş.m. ýaly 10-dan gowrak ýurduň bazarlarynda öňe gitmegi başardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

Türkmen aşpeziň Dubaýdaky restorany «Michelin» ýyldyzyna mynasyp boldy

13:30 Oktýabr 10, 2026
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026