TDHÇB-daky söwdalaşyklar: float-aýnany eksport etmek üçin geleşik baglaşyldy


Sişenbe güni, 14-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $682,7 müň amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Özbegistandan gelen telekeçi dürli galyňlykdaky düz aýnanyň jemi 125 müň inedördül m satyn aldy. Önümiň her inedördül metriniň nyrhy $4,07 amerikan dollaryndan $6 amerikan dollaryna çenli baha deň boldy.
Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $682 750 amerikan dollaryna barabar boldy.
Float düz aýna şekiliň ýoýulmagyny aradan aýyrýan ýokary optiki häsiýiteine eýedir. Ol gurluşykda penjireler, witrinalar, fasadlar we beýleki maksatlar üçin ulanylýar. Türkmenistanda önümiň bu görnüşini «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy öndürýär.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








