HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Mart 14, 2023 | 21:45 |8766
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,  Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri,  Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Çeşme: Watan

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz türkiýeli işewüri mähirli mübärekläp, ilki bilen doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.

Işewür hemmetaraplaýyn goldaw hem-de bildirilýän ynam üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026
TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

17:41 Oktýabr 12, 2026
Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

17:04 Oktýabr 12, 2026