HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we IRU ýurtda gümrük işini kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler

Mart 14, 2023 | 18:26 |6716
Türkmenistan we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) ýurtdaky gümrük ulgamynyň ösdürilmeginde we sanlylaşdyrylmagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler - diýip, Türkmenistanyň Ministrler  Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.Türkmenistan we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) ýurtdaky gümrük ulgamynyň ösdürilmeginde we sanlylaşdyrylmagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler - diýip, Türkmenistanyň Ministrler  Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: awtoulag.gov.tm

Türkmenistan we Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) ýurtdaky gümrük ulgamynyň ösdürilmeginde we sanlylaşdyrylmagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler - diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.

«Biz gümrügi resmileşdirmekde artykmaçlyk berýän «ýaşyl zolaklaryň» girizilmegi babatynda gümrük gullugy we beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlyk etdik» - diýip, halkara ýol daşamalary (HÝD) we IRU-nyň üstaşyr ulgamy bölüminiň baştutany Tatýana Reý-Belle bilelikdäki iş barada belliklerini aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň bäş gümrük nokady IRU tarapyndan işlenip düzülen TIR-EPD halkara sanly ulgamyna birikdirildi. Hususan-da, «Artyk» gümrük nokady (Eýran bilen araçäkde), «Parom geçelgesi» (Türkmenbaşy deňiz portunda), «Farap awtoýollary» (Özbegistan bilen araçäkde), «Sarahs awtoýollary» (Eýran bilen araçäkde) we «Garabogaz» (Gazagystan bilen araçäkde).

Türkmenistanda TIR-EPD goşundysyna 2022-nji ýylda badalga berildi. Bu hyzmat HÝD (TIR) kitapçasynyň gümrük ulag resminamasynyň eýelerine – ýük daşaýjysyna ýükleri halkara ugurda ýerleşdirmäge, daşalyşy barada deslapky elektron maglumaty ugurdaky ähli ýurtlaryň gümrük edaralaryna bir wagtda ugratmaga mümkinçilik berýär.

«Bu örän wajyp ädim, ol Türkmenistana sebitdäki HÝD-ny sanlylaşdyrmak bilen baglanyşykly beýleki taslamalara birikmäge mümkinçilik berdi» - diýip, Reý-Belle belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026