Aşgabat ulag we üstaşyr geçelgeler boýunça Halkara maslahat geçirer


Aşgabat şäherinde 3-4-nji maýda “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC 2023) atly ikinji halkara maslahat we sergi geçiriler. Maslahatda pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda täze hakykatlara uýgunlaşmak, netijeli halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Çäräniň dowamynda «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlary boýunça, şol sanda Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol” (BRI) başlangyjynyň çäklerinde ýewraziýa ýük daşama akymlaryna gatnaşyp biljek awtoulag ýollary, halkara deňiz portlary, howa we demirýol menzilleri ýaly ulag toplumlarynda infrastruktura mümkinçilikleri üns merkezinde bolar.
ITTC 2023 halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Turkmen Forum” HJ bilen hyzmatdaşlygynda gurnalýar.
Çäre milli ulag kärhanalarynyň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, türkmen döwlet edaralary bilen iri logistika institutlarynyň, şeýle hem ulag we logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.

2023-nji ýylyň fewral aýynda Amerikanyň “Fitch Ratings” reýting agentligi Türkmenistanyň defolt emitentiniň uzakmöhletleýin reýtingi boýunça daşary ýurt pulundaky çaklamany “Durnuklydan” “Oňyna” üýtgetdi we ony «B+» derejede tassyklady. Bu reýting ýurduň güýçli balansyny we ýurda maýa goýmak mümkinçiliginiň oňat bahalandyrylýandygyny görkezýär.
Türkmenistan Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede bolsa 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak üçin maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, türkmen we ýapon telekeçileri tarapyndan 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawodyň gurulmagy çöz öňünde tutulýar.
Ady agzalan maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ulag-logistika toplumynyň netijeli işlemegini talap edýär.
Türkmenistan milli we sebit aragatnaşygyny ösdürmekde, üstaşyr gatnatmalaryň infrastrukturasyny (awtoulag, demir ýol we howa) diwersifikasiýa etmekde we ýük dolanyşygyny çaltlaşdyrmakda mese-mälim ösüş gazandy. Bu nukdaýnazardan, ýurduň tejribesi, esasanam BMG-nyň Durnukly ulag boýunça global maslahatlarynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça tejribesi ITTC 2023 çäresine gatnaşyjylar üçin peýdaly bolup biler.
Maslahata türkmen hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň we iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, agentlikleriň, assosiasiýalaryň we birleşmeleriň, ylmy-taslama edaralarynyň, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş ÝOM-niň wekilleri gatnaşarlar.
Bu çärä gatnaşyjylaryň hataryna “Vitol”, “Meno Logistics”, “Boeing”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Car Deluxe”, Halkara howa ulagy assosiasiýasy (IATA), Halkara gämi palatasy (ICS), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) we BMG ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň we guramalaryň wekilleri girýär.
Forumyň sessiýalaryna we panel çekişmelerine BMG, ÝHHG, Bütindünýä ösüş banky, Aziýa Ösüş Banky ýaly köpsanly halkara guramalaryň we Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşar.
ITTC halkara maslahatynyň gün tertibi boýunça, maslahat we sergi bilen bir hatarda, Ähtnama we şertnamalara gol çekmek dabarasy, seminarlar, tegelek stollar geçiriler. Bu ýerde içerki we daşary ýurtly hünärmenler tarapyndan ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütler hödürlener. Şeýle hem, Aşgabat halkara howa menziline, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görmek ýaly çäreler meýilleşdirilýär.
Maslahata we onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik duşuşyklaryna gatnaşyjylar halkara gatnatmalar pudagyndaky maýa goýum mümkinçilikleri we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada giň düşünje alarlar.
Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem gurnalar. Oňa ulag we logistika kompaniýalary, ulag öndürijiler we dilerler, logistika merkezlerini enjamlaşdyrmak üçin enjamlar bilen üpjün edijiler, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, GDA we uzak ýurtlaryň deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň we demir ýollarynyň administrasiýalary gatnaşarlar. Kompaniýalaryň aýry-aýry stendlerinden başga-da, serginiň düzümine milli we köpçülikleýin stendler girýär.
Giňişleýin maglumatlar üçin saýt: www.ittc.com.tm
ORIENT news








