HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen modelýerleri Ýewraziýanyň ýokary moda bäsleşigine çagyrylýar

Mart 13, 2023 | 18:51 |9875
25-26-njy noýabrda Moskwada, Ýewraziýa Halk Assambleýasynyň goldawy bilen «Etno-Erato - 2023» milli eşikleriň XXII Ýewraziýa ýokary moda bäsleşigini geçirer.25-26-njy noýabrda Moskwada, Ýewraziýa Halk Assambleýasynyň goldawy bilen «Etno-Erato - 2023» milli eşikleriň XXII Ýewraziýa ýokary moda bäsleşigini geçirer.
Çeşme: eurasia-assembly.org

25-26-njy noýabrda Moskwada, Ýewraziýa Halk Assambleýasynyň goldawy bilen «Etno-Erato - 2023» milli eşikleriň XXII Ýewraziýa ýokary moda bäsleşigini geçirer.

Bu taslamanyň esasy maksady – ýaş modelýerleri, dizaýnerleri çekmek hem-de etnik we medeni dürlüligi, milli özboluşlylygy, şeýle hem taryhy mirasy goramak; arkalaşygy we Ýewraziýa halklarynyň parahatçylykly ösüşini güýçlendirmek bolup durýar.

Bäsleşik birnäçe kategoriýada geçiriler: iň gowy slawýan eşigi; Kawkaz halklarynyň iň gowy eşigi; iň gowy gündogar eşigi; fin-ugor halklarynyň iň gowy eşigi; Demirgazyk, Sibir we Uzak Gündogar halklarynyň iň gowy eşigi; häzirki zaman eşikdäki etnik nagyşlar; Afrika halklarynyň iň gowy eşigi (täze dalaşgär); etnik eşigiň retrosy; hereketdäki iň oňat etnik sahna eşigi (horeografiýa, çykyşdan bölekler, wokal bilen bilelikde we ş.m.).

Geçen ýyl Ýakutskda «Etno-Erato» etnik moda festiwaly geçirildi. Oňa 200-den gowrak moda dizaýneri, şol sanda Türkmenistandan, Gruziýadan, Mongoliýadan, Gazagystandan we Russiýanyň sebitlerinden gatnaşdylar.

Şonda eşikleri türkmen däp-dessurlarynda görkezen Körpegül Hudaýerdiýewa «Iň gowy gündogar eşigi» kategoriýada ikinji orny eýeledi.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler, 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan öň ýüztutmany, portfoliony, suratlary we habarlaşmak üçin maglumatlaryny etno-erato.mdn@mail.ru e-poçta ugradyp bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026